Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Durban klimat ylalaşygyny “taryhy böwsüş” atlandyrýar


ÝB düýn klimat özgermesi barada gelnen täze ylalaşygy “taryhy böwsüş” diýip atlandyrdy.

BMG-niň günorta Afrikada, Durbanda geçen klimat konferensiýasynda gelnen ylalaşyk ilkinji gezek dünýäniň uly howa hapalýjylaryny, şol sanda Birleşen Ştatlar bilen Hytaýy 2020-nji ýyla çenli öz goýberýän zyýanly gazlaryny kemeltmek üçin çäre görmäge mejbur eder.

Emma tebigaty goraýjylar bu çäreleriň temperaturanyň ortaça 3,5 gradus ýokarlanmagynyň we has köp gurakçylyga, suw joşmalaryna, tupanlara we deňiz derejeleriniň galmagyna sebäp bolmagynyň öňüni almak üçin ýeterlik däldigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG