Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köçe süpüriji maşynlar zenan zähmetini ýeňletmedi



Şäheriň kommunal hojalyk edarasynda Ýazgül ýaly ýüzleri ýalyk bilen daňylgy türkmen aýal-gyzlarynyň ýüzlerçesi işleýär.
Şäheriň kommunal hojalyk edarasynda Ýazgül ýaly ýüzleri ýalyk bilen daňylgy türkmen aýal-gyzlarynyň ýüzlerçesi işleýär.
46 ýaşly Ýazgül daňdan sagat 6-da iş ýerinde bolmaly. Onuň iş guraly sübse. Iş ýeri Aşgabadyň köçeleriniň biri. Onuň alýan aýlyk zähmet haky 500 manat. Ozal ujypsyz zähmet hak alýan köçe süpürijileriň zähmet haklary şu ýylyň başyndan 35 prosent artdyryldy. Häzir olara 560 manada çenli zähmet hak tölenýär.

Şäheriň kommunal hojalyk edarasynda Ýazgül ýaly ýüzleri ýalyk bilen daňylgy türkmen aýal-gyzlarynyň ýüzlerçesi işleýär. Köçe süpürmek ýeňil iş bolmasa-da, bu iş bilen meşgul bolýan erkek adamlar az.

Ýazgüliň süpürýän köçesi protokol köçe diýlip hasaplanmaýar. Bu ýagdaý onuň işini birneme ýeňilleşdirýändigini aýdyp, ol şeýle gürrüň berdi:

—Meniň süpürýän köçäm şäheriň çeträginde ýerleşýär. Bu köçeden prezident ýa-da daşary ýurt delegasiýalary geçmeýär. Emma bizi käwagt protokol köçelere hem işlemäge äkidýärler. Şol köçeler sözüň doly manysynda syryp-süpürilýär. Protokol köçeleriň maşynlardan akan ýaglaryny hem ýuwup, süpürmeli bolýar. Baýramçylyk günleri daşary ýurt delegasiýalary gelende biziň işimiz has-da köpelýär. Prezidentiň maşyny ýa-da daşary ýurt delegasiýalarynyň maşynlary geçende bukulmaly bolýarys. Bir gezek köçäniň gyrasyndaky ýabyň içinde bukulmaly bolupdym.

Köçe süpürijiler, atlandyrylşyndan belli bolşy ýaly, gün-uzyn, köp halatlarda baýramçylyk günleri hem köçede işlemeli bolýarlar. Köçe süpürijileriň aglabasy aýal-gyzlar. Olaryň käbirleriniň ellerinde mobil telefonlarynyň bardygyna garamazdan, olar sosial üpjünçilik taýdan gurply adamlar hasaplanmaýar. Olar howa sowuk bolsun, yssy bolsun, tapawudy ýok, Aşgabadyň köçelerini süpürmeli bolýarlar. Ýazgül köçe süpürijileriň iş şertleri barada şeýle gürrüň berdi:

—Howa yssy bolsun, sowuk bolsun tapawudy ýok hökman işläýmeli. Biz diňe bir köçelerdäki zir-zibili aýyrman, eýsem, ýagyş ýaganda köçelerdäki suwy syrmaly bolýarys. Gar ýagsa garyny aýyrýarys. Eger işleýän uçastogyňda fontan bolsa fontany ýuwmaly. Dynç günleri hem işe çykmaly bolýan wagtymyz az däl. Köçede naharlanmaly, şol ýerde günortanky arakesmede dynç almaly, ýatmaly bolýar. Hiç hili şertler ýok. Köçe süpürijileri maşyn kakýan wagtam bolýar. Ýolbaşçylarymyzyň bize bolan garaýşy hem gullara sereden ýaly. Paýyş sözler, kemsitmeler adaty ýagdaý.



Aşgabadyň kommunal hojalyk edarasynyň ýörite köçe süpürýän maşynlary bar. Köçe süpürýän maşynlara şäheriň merkezi köçelerinde duşmak bolýar. Garaşsyzlyk döwründe “Mersedes” kysymly köçe süpürýän maşynlarynyň ençemesi satyn alnypdy. Emma, muňa garamazdan, şäheriň ähli köçelerini diýen ýaly aýal-gyzlar süpürýärler.

46 ýaşly köçe süpüriji Ýazgül Garaşsyzlyk döwründe türkmen aýal-gyzlarynyň köçeden eklenmäge mejbur bolandyklaryny aýdyp, şeýle diýdi:

—Kimsi köçä çykyp öz tenlerini satýarlar. Kimsi uzak ýollara söwda etmäge gitmeli bolýarlar. Söwda gidýänleriň arasynda neşe getirýänlerem az däl. Şular ýaly işleri etmek islemedik aýal-gyzlarymyz bolsa köçe süpürmäge mejbur.

Köçe süpürip işlemek ilat arasynda iň pes iş diýlip hasaplanýar. Ene-atalar çagalaryny “mekdepde gowy okamasaň, köçe süpüriji bolup işlärsiň” diýip gorkuzýarlar. Ilatyň köçe süpürijilere bolan garýyşy hem şolar ýaly. Işgärleriň käbirleriniň özleriniň aýtmaklaryna görä, köçe süpürijileriň köpüsiniň ýüzlerini ýaglyk bilen daňmaklarynyň bir sebäbi hem şu bolup durýar.

Köçe süpürijileriň deňinden gymmat bahaly, lýuks awtoulaglaryň ýokary tizlik bilen tozan turzup ýa-da ýagyş suwuny syçradyp geçişlerine ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Emma, görnüşe görä, döwlet tarapyndan satyn alnan “Mersedes” kysymly köçe süpürýän maşynlar heniz aýal-gyzlaryň zähmetiniň ýerini de facto dolduryp bilmedi.
XS
SM
MD
LG