Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda nobatdaky günä geçiş yglan edildi


Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli yglan edilen günä geçişde 754 adamyň türmeden boşadylýandygy habar berildi. Bu adamlar höküm edilen esasy jezasyndan we belli bir ýerde ýaşamakdan ybarat goşmaça jezasyndan hem doly boşadylýarlar.


Türkmenistanyň Bitaraplyk Baýramçylygynyň öňüsyrasynda yglan edilen günä geçişde 754 adam türmeden boşadylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy dekabrda gol çeken permanyna görä, bu günä geçiş aksiýasy “adamsöýüjilik we adalatlylyk prinsiplerine laýyklykda amala aşyrylýar” we türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk bütewiligini berkitmek maksady bilen edilýär.

Häzirki günä geçişde tussaglykdan boşadylýanlaryň sany yglan edildi, emma tusaglykdan goýberilýänleriň atlary görkezilen sanawlar bu sapar hem çap edilmedi.

Bu nobatdaky günä geçişe birnäçe tussaglaryň maşgalalary umyt baglaýarlar, şol sanda Türkmenistanyň kommunistik partiýasynyň lideri Serdar Rahymowyň maşgalasy-da.

Serdar Rahymowyň ykbaly

Serdar Rahymowyň ogly Myrat atasy barada häzirlikçe habaryň ýoklugyny Azatlyk Radiosyna aýtdy. Emma ol, muňa garamazdan, tutuş maşgalasynyň umytdan düşmeýänligini we taýýarlyk görüp garaşýanlygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi hasaba alynmadyk Kommunistik partiýasynyň lideri Serdar Rahymow 2002-nji ýylda Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýlip, türkmen hakimiýetleri tarapyndan atlandyrylýan waka gatnaşmakda aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilipdi.


Serdar Rahymowyň ykbalyna Orsýetiň Kommunistik partiýasy hem aladalanma bildirýär. Bu partiýanyň wekilleri we tussagyň maşgala agzalary Serdar Rahymowyň mundan öňki günä geçişde goýberilmegine garaşypdy.

Myrat Rahymow oktýabr aýynda geçirilen şol günä geçişden soň türkmen häkimiýetlerine ýazylan hatlara gelen jogap barada Azatlyk Raidosyna şeýle gürrüň berdi:

—Biz hormatly prezidentiň adyna we Içeri işler ministrligine hat ýazdyk. Bize meselä garalýanlygy we ýörite komissiýanyň döredilenligi barada jogap berildi. Entek takyk netije bolmasa-da, oňly karara gelinjeginiň alamaty bar.

Işe ýerleşdirmek talap edildi

Resmi maglumatlara görä, şu saparky günä geçişde tussaglykdan boşadylýanlaryň ählisi 12-nji dekabra çenli goýberilmeli. Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewe tussaglykdan boşadylanlaryň maşgala ojaklaryna gowuşmagy üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy. Welaýat we etrap häkimlerinden bolsa tussaglykdan boşadylanlary işe ýerleşdirmek talap edildi.

2007-nji ýyldan bäri ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn we, adatça, uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda geçirilýän günä geçişlikde goýberilýän tussaglaryň atlary görkezilen sanawlar çap edilmeýär. Resmi maglumatlarda käte tussaglaryň sany-da agzalmaýar.
XS
SM
MD
LG