Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Warşawada saklanan belarus aktiwisti azat edildi


Belarusly syýasy emigrant Ales Mihaýlewiç Warşawanyň uçar meýdanynda gysga wagtlyk tussag edilip, derrew azat edildi. Ol Interpoluň gözlegi bilen baglylykda saklandy.

Polşanyň daşary işler ministrligi Mihaýlewiçiň tussag edilmegi prokurorlaryň ýalňyşlygy diýdi we oňa bildirilen aýyplamalaryň heňe gelmeýändigini aýtdy.

Mihaýlewiç 2010-njy ýylda Belarusda geçen prezident saýlawlaryna kandidat bolan adamlaryň biridi we tussag edilip, köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamakda aýyplanypdy.

Ol azat edilenden soň Çehiýa respublikasyna gaçdy we syýasy bosgunlyk aldy. Belarus prokurorlary onuň adyny halkara gözleg sanawyna girizdiler.
XS
SM
MD
LG