Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kuçma garşy bildirilýän aýyplamalar ýatyryldy


Kiýewiň sudy Ukrainanyň ozalky prezidenti Leonid Kuçma garşy žurnalist Georgiý Gongadzeniň ölümine dahylly bolmakda bildirilýän aýyplamalary ýatyrdy.

Gongadze 2000-nji ýylyň sentýabrynda alnyp gaçylyp, onuň kellesiz jesedi Kiýewiň golaýyndaky tokaýlaryň birinden tapylypdy.

Gongadze Kuçmanyň iň ýiti tankytçylarynyň biridi. Kuçma 1994-2005-nji ýyllar aralaygynda Ukraina prezidentlik edipdi.

Mart aýynda Ukrainanyň baş prokurory 72 ýaşly Kuçmanyň Gongadzeniň ölümine dahylly bolanlygyny gümän edip, oňa garşy jenaýat işini açypdy.

Kuçma özüne bildirilýän aýyplamalary inkär etdi.
XS
SM
MD
LG