Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý: Owgan liderleri urşuň gepleşiklerden öň soňlanmagyny isleýär


Prezident Hamid Karzaý owgan liderleri maňa Saud Arabystanynyň ýa Türkiýäniň “Talybanyň” edarasynyň ýerleşmegi üçin amatly ýer boljagyny aýtdylar diýdi.

Karzaý penşenbe güni ozalky mujahetdin komandirlerinden, dini şahslardan we ýokary derejeli hökümet resmilerinden ybarat topar bilen “Talyban” bilen geçirilmeli parahatçylyk gepleşikleri barada maslahat etdi.

Karzaýyň edarasynyň maslahatdan soň ýaýradan beýanatynda liderleriň uruş we owgan halkyna garşy edilýän zorluklar gepleşikler başlanmazyndan öň soňlanmali diýendikleri aýdylýar.

Owganystan çarşenbe güni özüniň Katardaky ilçisini maslahat üçin çagyrýandygyny aýdypdy. Bu habar metbugatda “Talyban” wekilleri amerikan we katar resmileri bilen Aýlak döwletleriniň birinde resmi bolmadyk ilçihana döretmek barada ylalaşyga geldiler diýen maglumat ýaýradylandan soň çykdy.
XS
SM
MD
LG