Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň bäsdeşi Hodorkowskini boşatmagy wada berýär


Prezident saýlawlarynda Putin bilen bäsleşjegini aýdýan rus milliarderi, eger prezident saýlansa, ilki etjek işleriniň biriniň tussagdaky tütjar Mihail Hodorkowskiniň günäsini bagyşlamak boljagyny aýdýar.

18 millard dollarlyk emlägi bar diýilýän Mihail Prohorow şu hepde martda geçjek prezident saýlawlarynda bäsleşige goşuljagyny yglan etdi.

Bir zaman Orsýetiň iň baý adamy bolan Hodorkowskiý 2003-nji ýyldan bäri türmede otyr. Ol salgytdan gaçmakda we galplykda aýyplandy, ýöne tarapdarlary onuň şol wagty prezident Wladimir Putine garşy çykanlygy üçin jezalandyrylandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG