Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Şagal” ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi


Fransiýada “Şagal” lakamy bilen tanalýan söweşiji Karlos ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Ol 1982-83-nji ýyllar aralygynda Fransiýada dört bomba hüjümini amala aşyrmakda günäli tapyldy. Bu partlamalaryň netijesinde 11 adam ölüp, 140 çemesi adam hem ýaralanypdy.

Wenesuelada doglan we asyl ady Ramirez Sançez bolan bu terrorçy şol hüjümlere ilteşiginiň bolmandygyny aýdýar.

62 ýaşly Ramirez 1975-nji ýylda üç adamy öldürendigi üçin, häzir hem ömürlik türme tussaglygynda otyr.

Bir wagtlar Ramirez dünýäniň iň köp gözlenýän halkara jenaýatçylarynyň biridi. Çaklamalara görä, ony Sowet blogy we Ýakyn Gündogar goldapdyr.

Ramirez 20 ýylyň dowamynda Ýewropa boýunça hüjümleri amala aşyryp gelýärdi.

“Şagal” lakamly Karlos 1994-nji ýylda Sudanda ele salnypdy we sud üçin Fransiýa ugradylypdy.
XS
SM
MD
LG