Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ soňky amerikan esgerleriniň hem Yrakdan çykandygyny aýdýar


Birleşen Ştatlaryň harbylary ABŞ-nyň soňky konwoýynyň hem şu gün Yrak serhedinden Kuweýte geçendigini aýtdy. Şunuň bilen Amerikanyň söweş goşunlary Yragy doly terk etdi.

100 çemesi bronly maşynyň, 500 çemesi amerikan esgeri bilen öten agşam Yragyň günorta serhedinden Kuweýte geçendigi habar berildi.

Saddam Hüseýniň režimini agdarmak we köpçülikleýin gyrgyn ýaraglaryny agtaryp tapmak üçin Yraga salnan amerikan esgerleri bu ýurtda dokuz ýyla golaý boldular.

Saddamyň režimi agdaryldy, emma bar diýilýän köpçülikleýin gyrgyn ýaraglary tapylmady.

Urşuň gyzan wagtlary Yrakda 170 müňden gowrak amerikan esgeri, 500-den gowrak harby baza boldy. 2003-nji ýylyň martynda başlan konflikt netijesinde 4 ýarym müňe golaý amerikan esgeri, 100 müňden gowrak yrakly öldürildi.

Bu ýurtda indi Amerianyň diňe tälim bermeli we amerikan ilçihanasyny goramaly esgerleri galdyrylýar.
XS
SM
MD
LG