Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Belarusa çagyryş etdi


ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Belarusda oppozisiýanyň protest hereketleriniň basylyp ýatyrylmagynyň bir ýyllygynyň öňýany ähli syýasy tussaglary boşatmaga hem olary aklamaga Minski çagyrdy. Şol aksiýadan soň onlarça adam dürli möhletler bilen azatlykdan mahrum edilipdi.

Belarus adam hukuklaryny berjaý edip ugradygy Minsk bilen Günbatar döwletleriň gatnaşyklary gowulanyp biler diýlip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen ÝB-niň daşary syýasat edarasynyň baştutany Ketrin Eştonyň beýannamasynda nygtalýar.

2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Belarusda prezident saýlawlary bolupdy. Şonda oppozisiýa Aleksandr Lukaşenkonyň ýeňşini ykrar etmän, Minskde köpçülikleýin protest aksiýasyny gurnapdy. Oňa gatnaşyjylaryň ençemesi, şol sanda prezidentlige öňki kandidatlar – Andreý Sannikow bilen Mihail Statkewiç şu wagta çenli tussag astynda saklanýar.

Şu ýylyň noýabr aýynda adam hukuklaryny goraýjy Ales Belýaskiý hem türme tussaglygyna höküm edildi.
XS
SM
MD
LG