Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň ýaşaýjylary Täze ýyla taýýarlanýar


Aşgabat täze 2012-nji ýyly garşylamaga bir aýa golaý wagt öňünden taýýarlyk görüp başlady. Şäheriň köçelerinde, seýilgählerde, edara-kärhanalaryň öňünde gögerip oturan arça agaçlary bilen birlikde, boýy 12-15 metre ýetýän emeli arçalar hem dürli oýnawaçlara bürendiler.

Aşgabat, 10-njy dekabr.
Aşgabat, 10-njy dekabr.


Aşgabatly mugallyma Gülnabat Orazowa soňky 2-3 ýylda täze ýyla taýýarlyk işlerine has ir başlanýandygyna aýdýar:

—Bu taýýarlyklar beýleki baýramçylyklara görülýän taýýarlyklardan tapawutlylykda adamlaryň kalbynda şatlyk duýgularyny oýarýar. Ol şatlyk bolsa emeli şatlyk däl-de, hakyky şatlyk. Uly adamlar hem mekdep okuwçylary hem ýyl boýy geçirilýän çärelerden halys ýadaýarlar. Täze ýyla taýýarlyk bolsa ýyl boýy çeken ýadawlygyňy gerdeniňden aýyrýan ýaly bolýar.

Aşgabat, 10-njy dekabr.
Aşgabat, 10-njy dekabr.


Aşgabadyň bazarlarynda, söwda dükanlarynda küýzelerde ekilen dürli ululykdaky arçalaryň, dürli ölçegdäki emeli arçalaryň, bezeg oýnawaçlaryň-da dürli görnüşleri satuwa çykaryldy. Aşgabadyň “Gülüstan” söwda merkezinde hem, “Teke bazary” adyny alan söwda merkezinde hem, öňden bar bolan hususy dükanlardan daşgary gurnalan wagtlaýyn söwda nokatlarynda-da täze ýyl sowgatlarynyň, ýolkany bezemek üçin ulanylýan harytlaryň giň söwdasy gurnaldy.

Konditer önümleriniň dürli görnüşleri, alma, apelsin, mandarin, hoz ýaly çaga sowgatlaryny taýýarlamak üçin niýetlenýän harytlar bol-elin satuwda bar.

Aşgabat, 10-njy dekabr.
Aşgabat, 10-njy dekabr.


“Gülüstan” söwda merkezindäki hususy dükanyň satyjysy Kakabaýyň aýtmagyna görä, konditer önümlerinden başga-da, gymmat baha şokoladlar we dürli içgiler bilen bezelen sebetlerde taýynlanýan sowgatlara hem isleg uly. Soňky ýyllarda dürli oýnawaçlara, suwenirlere, galantereýa, parfýumeriýa harytlaryna hem täze ýylda öz ýakynlaryna, dost-ýarlaryna sowgat etmek isleýän adamlaryň arasynda isleg artýar.

Şu günler köçeleriň ugrunda ösüp oturan arçalary dürli oýnawaçlar, grilýandlar bilen bezemek işleri dowam edýär.

Aşgabat, 10-njy dekabr.
Aşgabat, 10-njy dekabr.


Gülnabat mugallymanyň pikiriçe, köçelerde arçalaryň köp bezelmegi, her ädimde diýen ýaly bezelen emeli arçalaryň bolmagy bu baýramçylygyň täsirini biraz peseldiýär. Köçelerde bezelýän arçalardaky oýnawaçlary gije-girim çagalaryň ýolup zaýalaýan wagtlary hem köp bolýar. Ol bu barada şeýle diýýär:

—Çagalar baglarynda, mekdeplerde ýolka baýramçylygyny geçirmäge gowy taýynlyk görülse, çagalar ýolka baýramçylygyna şatlyk bilen howlugsalar, köçelerde däl-de, olar bezelen ýolkany öz mekdeplerinde, çagalar baglarynda ilkinji gezek görseler, bu has täsirli bolardy. Töwerek-daş bezelen ýolka bolup dursa, çagalar ondan geregiçe lezzet alyp bilenoklar.

Aşgabat, 10-njy dekabr.
Aşgabat, 10-njy dekabr.


Gülnabadyň pikiriçe, köçelerde bezelýän arçalara edilýän çykdajylary azaldyp, onuň belli bir bölegini çagalara sowgat üçin sarp edilse, bu ýerine düşerdi:

—Her ädimde emeli ýolkalary gurnamak üçin näçe tehnika, işçi güýji sarp edilýär. Sosial taýdan gurby pes maşgalalar bolsa oz çagalaryna islän gymmat bahaly sowgatlaryny berip bilmeýärler. Soňky wagtlarda beýleki azyk önümleri bilen birlikde çagalar üçin sowgat taýýarlamak üçin gerek alma, hoz, şokolad önümleriniň bahasy-da örän ýokarlandy.

Aşgabat, 10-njy dekabr.
Aşgabat, 10-njy dekabr.


Gülnabat mugallyma çagalaryň köp ýygnanyşýan ýeri bolan merkezi ýolkanyň bu ýyl hem döwlet sirkiniň öňünde bezelýändigini aýtdy.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG