Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tailanddaky sil kompýuter bazaryna täsir ýetirdi


Türkmenistanda kompýuterler üçin gaty diskleriň bahasy galdy.
Türkmenistanda kompýuterler üçin gaty diskleriň bahasy galdy.
Şu ýylyň iýul-oktýabr aýlary aralygyndaky musson ýagyşlary zerarly Tailandyň 76 welaýatynyň 65-sini suw basdy we bu hadysadan ýurduň ilatynyň 13 milliondan gowragy ejir çekdi.

Tailand Türkmenistandan müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýär. Emma bu ýurda gelen betbagtçylygyň täsiri Türkmenistanda hem duýulýar. Türkmenistanda kompýuterler üçin gaty diskleriň bahasy galdy. Sebäbi bu önüm Türkmenistana esasan Tailanddan import edilýär.

Aşgabatdaky kompýuter tehnikasyny satýan dükanyň satyjysy Amanmyrat bahalar barada şeýle diýdi:

—Öň göwrümi 300 ýa-da 500 Gb-lik gaty diskler 70-80 dollar bolan bolsa, indi 110-125 dollardan satylýar. Göwrümi 1 terabaýt gaty diskleriň öňki bahasy 100 dollar, häzir bolsa 150 dollardan satylýar. Dogry, häzir entäk öň getirilen gaty diskler bar. Emma ýene-de birnäçe wagtdan olar gutarar. Şonda olaryň bahasynyň ýene-de ýokary galmagy ähtimal. Täze ýyl baýramçylygyndan soň, şeýle bolar öýdülip garaşylýar.

Zawodlaryň ençemesini suw basdy

Tailanddaky gaty diskleri öndürýän zawodlaryň ençemesini suw basdy. Netijede dünýä bazarynda gaty diskleriň gytçylygy emele geldi. Tailandda “Toshiba”, “Seagate”, “Western Digital” ýaly gaty diskleri öndürýän iri kompaniýalaryň zawodlary ýerleşýär.

Bankogyň ýaşaýjylary suw alan ýerleri terk edýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:14 0:00
Wideo: Bankok, oktýabr, 2011.

Ekspertleriň aýtmagyna görä, dünýä boýunça öndürilýän gaty diskleriň tas ýarpysy Tailandda öndürilýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Piper Jaffray” kompaniýasynyň analitigi Gus Riçard şu ýylyň 8-nji noýabrynda CNET neşirine beren interwýusynda Tailanddaky suw joşguny zerarly emele gelen gaty diskleriň gytçylygy ýakyn wagtda has-da ýitileşer diýipdi. Onuň aýtmagyna görä, gaty diskleriň bahasy dünýä boýunça 10%-den tä 60% çenli ýokary galypdyr.

Şeýle-de Gus Riçard şu ýylyň 4-nji kwartalynda 180 million sany gaty diske isleg boljakdygyny, emma diňe 100-120 million sany gaty diskleriň bazara çykaryljakdygyny CNET neşirine beren interwýusynda aýtdy. Dünýä bazarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga takmynan 60-80 million sany gaty diskler ýetmezçilik eder.

“Söwda peseldi”

Aşgabatdaky kompýuter tehnikasyny satýan dükanyň satyjysy Amanmyrat gaty diskleriň bahalarynyň gymmatlamagy sebäpli kompýuter satyn alýan adamlaryň azalýandygy barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

—Gaty diskleriň gytçylygy sebäpli nyrhlaryň ýokary galmagy kompýuter söwdasyny peseltdi. Häzir kompýuterleriň bahasy 50-60 dollar gymmatlady. kompýuterleriň bahasynyň ýokary galmagynyň esasy sebäbi kompýuteriň gaty diskiniň gymmatlamagy bilen bagly. Şeýle-de CD we DVD diskleriniň hem bahasy galýar. Türkmenistana CD we DVD-leriň hem köpüsi Tailanddan getirilýär. Tailandda öndürilýän gaty diskler, CD we DVD diskler arzan we ilat köpçüligine elýeterli.

Gaty diskleri öndürmegiň möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýän “Seagate” kompaniýasynyň çaklamagyna görä, gaty diskleriň gytçylygy ýene-de birnäçe aý dowam eder.
XS
SM
MD
LG