Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Respublikan partiýanyň agzalaryna çagyryş etdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Kongresiň Wekiller palatsyndaky respublikan agzalary Senat tarapyndan makullanan kanun proýektini goldamaga çagyrdy. Şol dokument aýlyklardan sosial ätiýaçlandyryş fonduna geçirilýän salgyda ýeňillikleriň möhletini ýene iki aý uzaldýar.

Sişenbe güni kongresmenler prezidentiň çagyryşyny kabul etmediler hem salgyt ýeňilligini iki aý uzaltmakdan ýüz öwürdiler. Şol bir wagtda-da olar tutuş 2012-nji ýyl üçin ýeňilligiň möhletini uzaltmak meselesini çözmäge iki palatadan ylalaşyjy komissiýa çagyrmagy talap etdiler.

1-nji ýanwardan salgydyň ýokarlanmagyna ýol bermezligiň ýeke-täk ýoly diýip, Barak Obama Senatda mundan öň iki partiýanyň gelen ylalaşygyny hasap edýär. Eger salgytlar galsa, ol işleýän 160 million amerikalynyň jübüsine agram salar.
XS
SM
MD
LG