Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspert: Orsýetiň elleri belli bir derejede bagly


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Aşgabatda, 2009-njy ýylyň 22-nji dekabry.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Aşgabatda, 2009-njy ýylyň 22-nji dekabry.
23-nji dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýete resmi sapar bilen barýar. Orsýetiň ýolbaşçylary bilen boljak duşuşyklaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda energiýa söwdasy barada hem gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Ýakynda Ýewropa Bileleşigi Hazaryň tebigy gazyny Ýewropa ýetirmek maksady bilen Türkmenistandyr Azerbaýjan bilen ylalaşyk baglaşmak ugrunda gepleşiklere başlamaly diýen karara geldi. Bu waka proýektiň durmuşa geçirilmegi boýunça öňden bäri alnyp barylýan gepleşikleriň dowamyndaky öňegidişlik hökmünde garşylandy. Emma şol bir wagtda Orsýetiň resmileri “Transhazar” proýektiniň garşysyna çykyş edip başladylar. Azatlyk Radiosy bu ýagdaý bilen baglanyşykly “Platts” žurnalynyň energiýa meseleleri boýunça eksperti Jon Roberts bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bilşiňiz ýaly, Orsýet açyk bir görnüşde “Transhazar” gazgeçirijisiniň proýektine garşy çykyp gelýär, hatda käbir ors resmileri bu ugurda haýbat atmakdan-da gaýtmaýarlar. Emele gelen bu ýagdaýlarda Türkmenistan haýsy ýoldan ugur alyp hereket edip biler?

Jon Roberts: Bärde ilki bilen belläp geçmeli bir zat bar. Bu-da Türkmenistanyň ilkinji gezek dostlarynyň peýda bolup başlamagydyr. Häzir Türkmenistanda Hytaýyň uly möçberde sermaýa bähbitleri bar. Şol sebäpli-de Orsýet Türkmenistanyň energiýa syýasatyny durnuksyzlaşdyrmak üçin islendik bir işi amala aşyrjak bolsa, öz hereketi bilen Hytaýyň ýoluny kesmejekdigine kesgitli ynamy bolmaly. Diýmek, muny amala aşyrmak kyn bolaýmasa... Eger-de Orsýet bu ugurda bir zatlary etmäge synanyşsa, onda bu Hytaý üçin Moskwanyň energiýa gatnaşyklarynda ynamdar hyzmatdaş däldigini aňladar. Şunlukda, bu ugurda Orsýetiň elleri belli bir derejede bagly. Sebäbi Orsýet Hytaýa uly möçberde gaz satmagy planlaşdyrýar. Eger-de Moskwa başga bir tarapyň gaz syýasatyna böwet bolmak isleýän bolsa, onda bu onuň ygtybarlylygyny sorag astynda goýýar.

Başga bir tarapdan, Ýewropa gaz importynyň diwersifikasiýasyna, ýagny gazyň başga ýollardan import edilmegine, juda çynlakaý çemeleşýär. Eger-de Orsýet muňa böwet bolmak üçin haýsydyr bir çäräni göräýse, onda bu öz gezeginde Ýewropanyň gözünde Orsýetiň gaz gatnaşyklary boýunça ynamdar hyzmatdaş däldigini äşgär eder. Ýagny, Orsýetiň öz edýän işini beýlekilere etdirmezlik üçin, olaryň garşysyna güýç ulanmakdan-da gaýtmajakdygyny görkezdigi bolar.

Orsýet nähili şertlere görä hereket etmek isleýändigi barada belli bir netijä gelmeli bolar. Ýagny, ol söwda ylalaşyklarynyň we söwda kanunlarynyň esasynda hereket etmelimi ýa-da ýumrugyny çenäp, “monopoliýa meniň elimde, muny dowam etdirmek üçin-de güýç ulanmakdan hem çekinmerin” diýen syýasaty ýöretmek isleýärmi?

Azatlyk Radiosy: Siz bu ýagdaýlarda Türkmenistanyň häzire çenli alyp baran syýasatyna nähli baha berýäňiz?

Jon Roberts: Türkmenistan Ýewropa azyndan 30 milliard kubometr möçberinde gaz akdyrmagy isleýändigini berk we açyk aýdyp gelýär. Bu ýeterlik bir derejede uly görkeziji bolup, ol Ýewropanyň häzirki energiýa importynyň 10% çemesini düzer. Bu, hakykatdanam, uly möçberdäki söwda. Muny geçen ýylyň dowamynda Aşgabada sapar eden her bir ýokary derejeli ýewropa resmisi hem belläp geçipdi. Hut şu sebäpli-de olar “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurulmagyny isleýärler. Sebäbi bu gazgeçiriji Türkmenistanyň tebigy gazynyň Ýewropa akdyrylmagy üçin ykdysady jähtden hem bähbitli. Bu sanalyp geçilen zatlaryň ählisi Türkmenistan üçin juda möhüm.

Türkmenistan üçin bu söwdanyň ýene-de juda bähbitli bir tarapy bar. Eger-de “Transhazar” proýektini amala aşyrmak başartsa, onda munuň netijesinde Türkmenistana bu gazgeçirijiniň üsti bilen has köp pullaryň aýlanýan maliýe bazaryna hem ýol açylar. Üstesine-de Aşgabatda Orsýete, Hytaýa, Eýrana ýa ýene başga birine akdyrjak gazynyň nyrhynyň hem halkara derejesinde bellenmegi üçin söwdalaşmaga mümkinçilik dörär. Netijede bu gaz söwdasy boýunça häzirki hyzmatdaşlary bilen gazyň nyrhyny kesgitlemekde-de, ýewropa bazarynda täze müşderileri tapmakda-da Türkmenistanyň ozal daňylgy elleriniň çözüldigi bolar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan Orsýetiň edäýjek basyşlaryna taýýarmy? Aşgabat ol basyşlaryň garşysyna durup bilermi?

Jon Roberts: Orsýetiň “Transhazar” proýektiniň durmuşa geçmejegi baradaky eden beýanatyna Türkmenistanyň Moskwanyň “ýalňyşýandygyny” gaýta-gaýta tekrarlamagy-da, bu proýekt boýunça Aşgabadyň özüniň inisiatiwa görkezmegi-de Türkmenistanyň geljekde bolup biläýjek islendik päsgelçilige garşy durmaga taýýardygyny aňladýar diýip, çak edýärin.

Ýöne Orsýete berk garşy durup bilmek üçin Türkmenistan özüne dostlary edinmeli. Aşgabat regiondaky ýagdaýlara Hytaýyň içgin gözegçilik etjekdigini ýadynda saklamaly. Üstesine, Türkmenistan gaz satyn aljak beýleki ýurtlardan hem özüne ýakyn dostlary tutunmaly. Bu Ýewropa Bileleşginiň düzümine girýän döwletler we guramalardyr. Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň Orsýetiň basyşyna garşy durup bilmegi üçin Ýewropa Bileleşiginiň we onuň käbir möhüm agzalarynyň Aşgabada goldawyny bildirmegi zerur. Ýewropalylar, dogrudanam, “Transhazar” proýektini goldaýarlar we Orsýetiň basyşlaryna garşy durmaga Türkmenistana goldaw bermäge taýýar.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň garşysyna durup bilmegi üçin, siziň pikiriňizçe, Türkmenistanyň häzir dostlary barmy?

Jon Roberts: Ýewropa Bileleşigi bu meselä juda seresaply çemeleşýär. Eger-de olara ýüzlenip, “Siz Orsýetden Türkmenistana azar bermezligi talap etdiňizmi ýa-da muny edäýen ýagdaýynda ýüzbe-ýüz boljak netijelerini duýdurdyňyzmy?” diýlip soralanda, olar “biz zerur hasaplaýan gepleşiklerimizi geçirýäris” diýip jogap berýärler. Maňa görä, bu beýanat belli bir derejede Moskwa täsirini ýetiren bolmaly. Sebäbi ýewropalylar iň bärkisi bu meselede öz aladalaryny mälim etdiler. Ýöne olaryň muny has berk ýa-da has açyk we göni görnüşde beýan etmegi, dogurdanam, kyn mesele. Ýewropa Bileleşigi bu mesele boýunça anyk bir netijä gelene meňzänok.

Ýöne Ýewropa Bileleşiginiň bu ugurda eden möhüm bir ädimi bar. Bu-da Bileleşigiň ähli 27 agzasynyň goldamagynda Ýewropa komissiýasynyň “Transhazar” proýekti boýunça gepleşikleri geçirmäge ygtyýar berýän borçnamasydyr. Bular ýaly borçnama öň hiç haçan bolmandy. Bu borçnamanyň netijesinde Ýewropa komissiýasy Bileleşigiň adyndan doly ygtyýarly gepleşikleri geçirip bilýär. Bu juda uly bir öňegidişlik boldy. Ýöne, her niçigem bolsa, biz Ýewropa Bileleşginiň bu şertnamany nähili durmuşa geçirjekdigini hem synlamalydyrys.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, näme üçin edil häzir Orsýet bu ugurda sesini çykaryp başlady?

Jon Roberts: Munuň bir sebäb-ä, bu ýokarda gürrüň eden borçnamamyzyň, ýakynda, ýagny, sentýabr aýynda baglanmagydyr. Ýene bir sebäbiniň-de Orsýetiň Türkmenistanda, dogrudanam, ullakan gaz gorunyň bardygyna akyl ýetirip başlan bolmagy mümkin. Türkmenistan gury ýerdäki gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji döwletleriň hatarynda dur. Belki-de ruslaryň “mümkin biz Türkmenistan bilen ýalňyş syýasaty ýöredendiris” diýip, pikir edip başlan bolmagy-da ahmal. Türkmenistan bilen umumy dil tapmansoň, Orsýetiň ony iň gowusy gorky bilen almaly diýen netijä gelen bolmagy-da ähtimal.

Azatlyk Radiosy: Mundan eýläk ýagdaýlar haýsy görnüşde ösüp biler?

Jon Roberts: Meniň pikirimçe, “Transhazar” proýektini özleşdirip başlamak boýunça şertnama baglaşylýança, Orsýet herekete geçmez. Çakyma görä, bu proses aýlara däl, belki, ýyllara çeker. Ýöne Ýewropa Bileleşigi we degişli beýleki taraplar proýektiň özgermegi boýunça anyk ädimleri äden pursatynda Moskwa tarapyndan berk diplomatik garşylyk bolar. Ýagny, proýektiň amala aşmagy boýunça hakyky işler edildigiçe, Orsýetiň bu ugurdaky haýbaty-da artar.
XS
SM
MD
LG