Şu gün Fransiýanyň parlamentiniň aşaky palatasy Osman imperiýasy döwründe ermenilere garşy genosidiň amala aşyrylandygyny tassyklady we bu fakty inkär etmekligi jenaýat diýip hasaplamak barada kanunyň taslamasyny kabul etdi.
Fransiýa Osman imperiýasy tarapyndan 1915-nji ýylda ermenileriň köpçülikleýin gyrylmagyny “genosid” diýip häsiýetlendirip, 2001-nji ýylda ýörite karar kabul edipdi. Parlamentiň aşaky palatasynyň bu günki kabul eden taslamasy bolsa, şol “genosid” baradaky fakty inkär etmekligi jenaýat diýip häsiýetlendirýär.
Bu kanunçylyk taslamasy şeýle jenaýat eden raýata bir ýyl türme tussaglygyny bermegi ýa-da oňa 59 müň dollar jerime salmagy göz öňünde tutýar.
Şu gün irden Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan Fransiýanyň parlamentiniň bu taslamany kabul eden halatynda Fransiýa garşy berk çärelerin görüljekdigi bilen duýduryş beripdi.