Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýe Assady "Siriýany gana boýanlykda" aýyplaýar


Şu gün Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini bu ýurdy “gana boýanlykda” aýyplap, ýörite beýannama ýaýratdy.

Beýannamada, hususan-da, Başar al-Assadyň režiminiň parahat ýaşaýjylara garşy yzygiderli ýarag ulanylyp gelinýändigi aýdylyp, bu ýagdaý berk ýazgarylypdyr.

Çarşenbe güni düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň oppozision toparlaryndan biri Siriýanyň Idlib prowinsiýasynda harbylaryň ýarag ulanmagy netijesinde azyndan 56 adamyň öldürilendigini mälim etdi.

Soňky dokuz aý bäri prezident Başar al-Assadyň režimi Siriýadaky demonstrasiýalarda protestçilere garşy ýarag ulanmagyny dowam etdirip gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG