Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Pariždäki ilçisini Ankara konsultasiýa çagyrdy


Anna güni Türkiýe Fransiýanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň penşenbe güni kabul eden kanuny bilen baglanyşykly özüniň Pariždäki ilçisini Ankara ýörite konsultasiýa çagyrdy.

Penşenbe güni Fransiýanyň parlamentiniň aşaky palatasy Osman imperiýasy döwründe ermenilere garşy genosidiň amala aşyrylandygyny tassyklady we bu fakty inkär etmekligi jenaýat diýip hasaplamak barada kanunyň taslamasyny kabul etdi. Indi bu kanuny taslama Fransiýanyň Senatynda tyssyklanylmaly.

Penşenbe güni Fransiýanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň şeýle dokumenti kabul etmegine protest bildirip, Türkiýäniň hökümeti özüniň Fransiýa bilen syýasy we harby hyzmatdaşlyklaryny görnetin çäklendirýändigini yglan etdi.

Türkiýe 1915-nji ýylda Osman imperiýasy zamanynda ermenileriň köpçülikleýin gyrylmagynyň “genosid” diýlip häsiýetlendirilmegine garşy çykyş edýär.
XS
SM
MD
LG