Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hakerler ABŞ-nyň howpsuzlyk ylmy merkezine hüjüm etdiler


“Anonim” ady bilen hereket edýän hakerler topary düýbi Amerikada ýerleşýän howpsuzlyk boýunça “Stratfor” ylmy-barlag merkezine ilteşikli müňlerçe adamyň kredit kartlary baradaky informasiýany, şeýle-de şol adamlaryň beýleki şahsy maglumatlaryny ele geçirendigini öňe sürýär.

“Stratfor” bu wakanyň üsti açylansoň, özüniň serwerlerini we elektron hat alyş-çalyşygyny togtadandygyny mälim etdi.

Mundan öň, “Anonim” topary “Visa”, “MasterCard” we “PayPal” ýaly kompaniýalara garşy amala aşyrylan elektron hüjümleriniň jogapkärçiligini hem öz üstüne alypdy.
XS
SM
MD
LG