Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dünýä edebiýatynyň” 6-njy sanyna syn


Iki aýdan bir gezek çykýan "Dünýä edebiýaty" žurnalynyň täze, şu ýylky jemleýji sany, neşir edildi. Daşary ýurt edebiýatynyň görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinden terjimeleriň berilýändigi üçin, okyjylar žurnalda höwes bilen okara eserleriň az däldigini aýdýarlar. Ýöne olar žurnalyň gitdigiçe syýasylaşýanlygyndan nägile bolýarlar.

Mysal üçin, žurnalyň öňki sanlarynda syýasy materiallar diňe üç sahypany eýelän bolsa, bu gezek olara ýedi sahypa berlipdir. Öň metbugatda lenji çykarylan syýasy wakalaryň iki aýdan soň "Dünýä edebiýatynyň" 6-njy sanynda gaýtalanyp çap edilmegi ençeme okyjylar üçin düşnüksiz bolmagynda galýar.

"Dünýä edebiýatynyň" daşky sahypasynda žurnalyň prezidentiň howandarlygynda çykýandygy görkezilen. Onsoň žurnalyň işgärleriniň prezidenti oňa oktýabrda berlen döwlet sylagy – "Türkmenistanyň Gahrymany" ady bilen iki aýdan soň gutlamagam, "Altyn asyr" bäsleşiginiň ýeňijisi diýip, özlerine berlen baýrak üçin iki aýdan soň minnetdarlyk bildirmeklerem, sypaýçylyk bilen aýdanyňda, gijigen gutlag, gijigen minnetdarlyk.

Atajan Taganyň Jek Londonyň "Martin Iden" romanyndan,, O.Öwezsähedowyň, G.Hanberdiýewanyň, D.Begnazarowanyň Najip Mahbuzynyň "Öz obamyň oglanlary" romanyndan bilelikde eden terjimeleriniň, şeýle-de Ş.Çaryýewiň terjimesinde Dumbadzäniň "Kukaraça" powestiniň, K.Kulyýewiň terjimesinde Aleksandr Kupriniň "Ajaýyp lukman" eseriniň, ussat terjimeçimiz Daňatar Berdiýewiň terjimesinde Şolom Aleýhumyň "Meniň ilkinji gezek aşyk bolşum" hekaýasynyň okyjylaryň göwnünden turandygyny aýtsa bolar.

Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Ata Atajanowyň kämil goşgularynyň birnäçesiniň žurnalda berilmeginem gutlamak gerek.

Alym G. Ylýasowanyň "Alym, terjimeçi zenan" makalasy, H.Amangeldiniň Somerset Moemiň "Ýazyjylyk hupbaty", K.Gurbanmyradowyň Andre Moruanyň "Ýazyjylyk zähmeti" atly eserlerinden terjime eden bölekleri ýurdumyzda edebiýaty öwreniş ylmynyň janlanyp başlandygyna şaýatlyk edýär.

Filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Mämmedowyň Nikolaý Kunuň "Gadymy Gresiýanyň mifleri we rowaýatlary" atly eserinden terjimeleri okyjyny gadymy dünýä syýahata äkidýär. Bu terjime okyjyny gadymy grek medeniýeti bilen giňden tanyşdyrýar.

Umuman, " Dünýä edebiýaty" žurnalynda okara zat kän. Ýöne käbir eserleriň terjimesiniň şowly çykmandygyny bellemek gerek. Belki-de, terjimeçilik işine ýaňy başlaýanlar uly göwrümli romanlardan däl-de, kiçi eserlerden başlasalar, onsoňam öz terjimeleri barada okyjylaryň pikiri bilen gyzyklansalar, žurnalyň has kämil çykmagyna peýda bolardy.

Žurnal üçin dürli eserleri terjime edýän, makala ýazýan awtorlaryň esasan şol bir adamlar bolmagy okyjylary belli bir derejede ýadadýar diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Şonuň üçinem "Dünýä edebiýatynda" çykyş edýän awtorlaryň, esasanam terjimeçileriň sanawy giňeldilse, onda bu žurnalyňam, okyjylaryňam bähbidine bolardy.

Agzalan kemçiliklere garamazdan, "Dünýä edebiýaty" žurnalyny okyjylar höwes bilen okaýarlar. Şonuň üçinem, umuman, 2011-nji ýylda Türkmenistanda "Dünýä edebiýaty" žurnalynyň uly höwes bilen okalýan neşire öwrülendigini aýtsa bolar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, edebiýatçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG