Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylda polisiýa bilen aşa-prawoslawlar çaknyşdy


Ysraýylda Ierusalimiň etegindäki bir şäherde polisiýa bilen aşa-prawoslaw protestçileriniň arasynda çaknyşyk boldy.

Wakada bir polisiýa işgäri ýaralandy, şeýle-de gara eginbaşa geýnen ençeme protestçi tussaghana äkidildi.

Dartgynlylyk bir telegepleşigiň dowamynda sekiz ýaşly gyzjagazyň mekdebe barýan wagty oňa gara lybasly bir prawoslaw adamyň sögünendigi aýdanyndan soň döredi.

Beit Şemeş şäheriniň aglaba ýaşaýjylary aşa-prawoslawlardyr. Olaryň öňe sürýän taglymatyna görä, erkekler we aýallar biri-birinden aýry tutulmaly.
XS
SM
MD
LG