Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda prezidentlige dalaşgärler hasaba alynýar


Türkmenistanda geljek ýyl geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgärleri hasaba almak çäreleri başlandy.

TDH-niň maglumatyna görä, häzire çenli dört kandidat hasaba alnypdyr. Olar: Daşoguzyň welaýat häkiminiň oba-hojalyk boýunça orunbasary R.Bazarow, “Türkmengaz” döwlet konsernine degişli “Marygazçykaryş” edarasynyň başlygy K.Abdyllaýew, “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestiniň ýolbaşçysy G.Mollaniýazow we suw hojalyk ministri A.Ýazmyradow.

Prezidentlige dalaşgär hökmünde 15 kandidat, şol sanda ýurduň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem hödürlenipdi.

Türkmenistanda nobatdaky prezidentlik saýlawlary 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriler.
XS
SM
MD
LG