Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýuliýa Timoşenkonyň aklawçysy türmä barýar


Şu gün Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň aklawçysy Sergeý Wlasenko we gyzy Ýewgeniýa onuň ýanyna, Harkow şäherindäki koloniýa barar.

“Batkiwşina” partiýasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, şu gün koloniýanyň ýanynda metbugat brifingi hem geçiriler.

Ýuliýa Timoşenko geçen ýylyň oktýabrynda 7 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol 2009-njy ýylda Orsýet bilen gaz ylalaşyklaryna gol goýanda wezipesinden galp peýdalananlykda aýyplandy.

Timoşenko geçen ýylyň 30-njy dekabrynda Harkow şäherindäki koloniýa geçirildi.
XS
SM
MD
LG