Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Pars aýlagyndaky harby gämileriniň sanyny azaltmaz


Amerika Eýranyň haýbatlaryna garamazdan, Pars aýlagyndaky harby gämileriniň sanyny azaltmaz.

Pentagonyň wekili Jorj Littliň sözlerine görä, harby gämileriň Ýakyn Gündogarda ýerleşmegi Birleşen Ştatlaryň ýaragly güýçleriniň Owganystandaky operasiýalary üçin zerur.

3-nji ýanwarda Eýran goşunynyň serkerdebaşysy Ataolla Salehi, eger Amerikanyň harby gämileri Pars aýlagyna dolansa, jogap çäreleriniň görüljekdigi bilen haýbat atdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti bu beýanaty Eýranyň täze gadaganlyklary agyr kabul edýändigine subutnama diýip atlandyrdy.

Golaýda Waşington Tähranyň ýadro programmasy bilen bagly täze gadaganlyklary girizdi.

Mundan öň Eýran, eger täze gadaganlyklar girizilse, Ormuz bogazyny ýapjakdygy bilen haýbat atypdy.

Amerikanyň harby-deňiz flotunyň wekilleri muňa ýol bermejekdiklerini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG