Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýuliýa Timoşenko gije-gündiz gözegçilik edilýär


Harkow şäherindäki aýallar koloniýasynda türme tussaglygyny başdan geçirýän Ukrainanyň öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko gije-gündiz wideo arkaly gözegçilik edilýär.

Bu barada sişenbe güni onuň ýanyna baran aklawjysy Sergeý Wlasenko aýtdy. Onuň sözlerine görä, Timoşenkonyň kamerasynda çyra gije-gündiz ýanýar we ol uklap bilmeýär.

Timoşenko medisina kömegi hökmünde diňe agyryny aýyrýan däri-derman berilýär.

Sergeý Wlasenko koloniýada gören zatlary barasynda Ýewropa sudunyň gynamalara garşy komissiýasyna ýüzlenmekçidigini habar berdi.

Ýuliýa Timoşenko geçen ýylyň oktýabrynda 7 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol 2009-njy ýylda Orsýet bilen gaz ylalaşyklaryna gol goýanda wezipesinden galp peýdalananlykda aýyplandy.
XS
SM
MD
LG