Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda Britaniýanyň iki sany raýaty tussag edildi


Şu gün Owganystanyň hökümeti Britaniýanyň iki sany raýatynyň bikanun ýarag gaçakçylygynda aýyplanyp tussag edilendigini mälim etdi.

Owgan hökümetiniň metbugat sekretary Sedik Sedikiniň aýtmagyna görä, Kabul şäherinde geçirilen barlagda britan raýatlary Julian Stil bilen Jeýms Dewisiň ýanyndan 30 sany "Kalaşnikow" kysymly awtomat tapylypdyr. Ol bu ýaraglaryň hiç hili dokumentleşdirilmekdik ýaraglardygyny aýtdy.

Şeýle hem ol tussag astyna alnan bu britan raýatlarynyň Kabulda "Garda World" atly hususy howpsuzlyk kompaniýasynda işleýändiklerini aýdandyklaryny, emma häzirki wagt bu kompaniýadan hiç hili derek tapylmaýandygyny mälim etdi.

Soňky wagtlar Owganystanyň häkimiýetleri daşary ýurtly hususy howpsuzlyk kompaniýalarynyň köpüsini bu ýurtda gümürtik iş alyp barýanlykda tankytlap gelýärler.
XS
SM
MD
LG