Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Heýg Mýanmarda oppozisiýa lideri bilen duşuşdy


Şu gün Britaniýanyň daşary işler ministri Wilýam Heýg Mýanmara edýän saparynyň barşynda ýurduň meşhur oppozisiýa lideri Aung San Su Çi bilen hem duşuşdy.

Wilýam Heýgiň bu sapary Britaniýanyň daşary işler ministriniň 1955-nji ýyldan soň bu ýurda ilkinji gezek sapar etmesi hökmünde alamatlandy.

Şu gün Wilýam Heýg bilen Aung San Su Çi öz duşuşyklarynda Mýanmaryň täze hökümetini türmelerdäki syýasy tussaglary azatlyga goýbermeklige çagyrdylar.

2010-njy ýylda geçirilen saýlawlara çenli Mýanmary harby hunta dolandyryp gelipdi. 2010-njy ýyldaky saýlawlaryň netijesinde häkimiýet başyna graždan hökümeti geldi.
XS
SM
MD
LG