Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki prezident Muşarraf Pakistana dolanmagy wada berýär


Pakistanyň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf
Pakistanyň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf

Pakistanyň ozalky harby baştutany Perwez Muşarraf 2008-nji ýylda Benazir Bhuttonyň janyna kast edilmegi bilen bagly aýyplama bilen ýüzbe-ýüz bolmagynda galýar, emma ol ýurda dolanmagy wada berýär.


Perwez Muşarraf şu aýyň soňunda Pakistana dolanmak barada karara gelendigini mälim etdi. Pakistanyň döwlet prokurory bolsa, Muşarraf ýurda dolanan ýagdaýynda, ony Benazir Bhuttonyň janyna kast edilmegi bilen bagly tussag etjekdigini aýdypdy.

Muşarraf Karaçidäki birnäçe müň adamdan ybarat tarapdarlaryna telefon edip, saýlawlara taýýarlyk görmek üçin ýanwaryň 27-sinden 30-y aralygynda ýurda dolanjakdygyny aýtdy. Özüne garşy bildirilen aýyplama bilen bagly Perwez Muşarraf şeýle diýýär:

— Men Pakistana dolanýaryn, ýöne ol ýerde meni gorkuzmak üçin tagalla edýärler. Meniň garşyma gönükdirilen aýyplamany esassyz hasaplaýaryn, ýöne biz ol aýyplama boýunça işe sudda serederis.

Muşarraf 1999-njy ýyldaky hökümet agdarylyşygynda häkimiýet başyna gelipdi we 2008-nji ýylda wezipesinden çekilipdi. Şondan bäri ol Londonda, Dubaýda ýaşaýar we ýurduna dolanmaklygy planlaşdyryp gelýär.

Muşarrafyň öňünde ilki bilen ýurduna dolananda tussag edilmekden gutulmak meselesi dur. Ýekşenbe güni döwlet prokurorlarynyň aýtmaklaryna görä, Muşarraf 2008-nji ýylda Pakistanyň premýer-ministri Benazir Bhuttony öldürmezlerinden ozal onuň howpsuzlygyny üpjün edip bilmänlikde aýyplanýar.

Synçylaryň çaklamalaryna görä, harbylar Muşarrafyň tussag edilmegine ýol bermezler we prezident Asif Ali Zardariniň meşhur bolmadyk hökümetiniň öňünde täze meseläni galdyrarlar.

Muşarrafyň saýlawlarda üstünlik gazanyp biljekdigine az adam ynanýar. Ol häkimiýetden çekilende köp adam gazaplanypdy, şeýle hem onuň tarapdarlarynyň köpüsi şol wagt başga partiýalara goşulypdylar.

Ýöne Muşarrafyň puly, harbylaryň arasynda bolsa tanyşlary bar. Şeýle-de bolsa, oňa harby liderlikde goldawyň boljagy sorag astynda galýar.

Saýlawlary 2013-nji ýyldan bärde geçirmezlik planlaşdyrylan, ýöne prezident Zardariniň saýlawlary şu ýyl geçirip biljekdigi baradaky çaklamalar ýitileşýär. Bolup biläýjek döwlet agdarylyşygynyň öňüni almaga kömek sorap, Waşingtona ýollan haty sebäpli Zardarä harbylar tarapyndan basyş edilýär.

Ýekşenbe güni prezident Asif Ali Zardari wezipesinden çekilmek barada tankytçylarynyň edýän çagyryşyny kabul etmejekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG