Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenkonyň adamsy "gaçybatalga soramaga mejbur bolupdyr"


Ukrainanyň tussag edilen öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň adamsy Azatlyk Radiosyna özüniň Ukrainadaky awtoritar dolandyryş sebäpli Çehiýadan gaçybatalga soramaga mejbur bolandygyny aýtdy.

Oleksandr Timoşenko ukrain häkimiýetleriniň öz aýalyny fiziki taýdan ýok etmäge çalyşýandyklaryny aýtdy. Ol özüniň bütin dünýäni Ýanukowiçiň režiminiň Ýuliýa Timoşenkonyň diri galmagyny islemeýändigine düşünmäge çagyrandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de ol Ýewropa ýurtlaryny ukrain häkimiýetlerine we olaryň maşgala agzalaryna garşy sanksiýa girizmäge çagyrdy.

Onuň aýaly geçen ýyl premýer-ministr wagtynda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalandy diýen aýyplama esasynda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
XS
SM
MD
LG