Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assad Siriýa boýunça “daşardan dildüwüşligiň” bardygyny aýdýar


Prezident Başar al-Assad Siriýany durnuksyzlaşdyrmak ugrunda “daşardan dildüwüşligiň” bardygyny aýtdy. Şeýle-de ol ýurtda durnukly ýagdaýy döretmek üçin, “terroristleri demir penje bilen basyp ýatyrmaga” söz berdi.

Çykyşynyň dowamynda Assad protestleri gazaplylyk bilen basyp ýatyrmak barada buýruk bermändigini ýene-de bir gezek nygtap geçdi.

Assad mart aýynda ýurduň häzirki Konstitusiýasyny täzelemek boýunça referendumyň geçiriljekdigini hem mälim etdi.

BMG-niň maglumatlaryna görä, mart aýyndan bäri Siriýada protestleriň wagşylyk bilen basylyp ýatyrylmagynda 5 müň çemesi adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG