Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilimkeşlige garşy göreş


“Çilim çek, çilim çek, Aşgabatdan gümüň çek.”

Garaşsyzlyk döwrüniň söňky ýyllarynda dörän çagalaryň bu sanawajy edil häzirki döwürde Türkmenistanda doly reallyga öwrülip barýar. Paýtagt Aşgabadyň köçelerinde çilim çekip barýan adama duşmak kyn.

Ýurtda 2000-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda çykan Türkmenistanyň prezidentiniň “Çilim çekmegi gadagan etmek hakyndaky” permany hereket edýär. Şol karara görä, awtoulagda hem çilim çekmeklik gadagan.

Şu ýylyň 6-njy ýanwarynda geçen Ministrler Kabinetiniň maslahatynda bolsa, Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklandy.

Satuwy gadagan edilermi?

Kararyň tekstinde temmäki önümleriniň satuwynyň ýatyrylýandygy barada ýeke agyz söz ýok. Emma bu karardan soň ilat arasynda temmäki önümleriniň satuwynyň gadagan edilýändigi baradaky gürrüňler peýda boldy.

Aşgabadyň Parahat mikroraýonynydaky kommersiýa dükanynyň eýesi 32 ýaşly Berdimyradyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Neşelere garşy göreş gullugynyň işgärleri onuň dükanyna gelip, temmäki önümlerini witrinadan aýyrmagyny talap edipdirler:

—Olar gelip, çilimleri we kalýan çekmek üçin serişdeleri satmazlygymy talap etdiler. bu talaplaryny hiç hili kanun ýa-da başga bir resminama bilen delillendirmediler.

Ýurtda temmäki önümleriniň söwdasy bilen bagly problemalar geçen ýylyň tomsunda başlanypdy. Şonda çilim gytçylygy emele gelip, onuň netijesinde çilimleriň bahalary ýokary galypdy. 2-3 aýyň içinde islendik çilimiň bahasy 20 manatdan geçdi. Emma, güýzüň başynda çilimleriň gytçylygy birneme peselip, bahalar aşak düşdi.

Häzir çilimleriň ortaça bahasy, umuman alanyňda, 18 manat töweregi. Iň arzan çilimiň bahasy-da 10-11 manat. Emma 6-njy ýanwarda kabul edilen meýilnamadan soň ýene-de çilimleriň bahasynyň ýokary galmagyna garaşylýar.

Hökümet tarapyndan takyk düşündiriş berilmänsoň, bu kararyň netijesiniň nähili boljakdygy baradaky howatyrlanmalar, halk arasynda dürli myş-myşlaryň peýda bolmagyna sebäp bolýar.

Aşagabadyň Parahat mikroraýonyndaky dükanyň eýesi Berdimyrat bu barada şeýle diýýär:

—Öň neşe söwdasy giň gerim alan bolsa, indi temmäki önümleriniň kontrabandasynyň we bikanun söwdasynyň başlanmagy mümkin. Bu söwdanyň kriminallaşmagy ony neşekeşlik döwrüniňkä meňzeder.

Dürli garaýyşlar bar

Türkmen hökümetiniň häzirki çilimkeşlige garşy alyp barýan kampaniýasyny geçen asyryň 80-nji ýyllaryndaky Gorbaçýowyň arakhorluga garşy yglan eden şowsuz kampaniýasy bilen deňeşdirýänler-de bar.

Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasyny kabul etmek baradaky kararda ýaş nesli sagdyn ruhda terbiýelemek, çilimkeşlige garşy göreşmek, temmäki önümlerini ulanýan adamlaryň saglygyny bejerip, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak maksady bilen kabul edilýändigi aýdylýar.

Emma 2016-njy ýyla çenli karardaky aýdylýan netijeleri gazanmak üçin nähili çäreleriň geçiriljekdigi barada jikme-jik maglumat berlenok. Bu meýilnama barada ýerli metbugatda çap edilýän wagyz-nesihat äheňli makalalar hem juda umumy mazmunly matariallardan ybarat. Kararyň kabul edilmegi we bu barada ýeterlik maglumatyň berilmezligi bolsa, halk arasynda dürli garaýyşlaryň peýda bolmagyna getirýär. Käbir ýaşaýjylar plany goldaýanlygyny aýtsa, käbirleri oňa garşy çykýarlar.

Karary goldaýanlaryň biri, Aşgabadyň orta mekdepleriniň biriniň mugallymy Aşyr. Ol bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

—Eýýäm 4-5-nji klas mekdep okuwçylarynyň arasynda çilimkeşler bar. Çilim çekýän gyzlaryň sany hem artyp barýar. Şonuň üçin, çilimkeşligi ýok etmek boýunça alnyp barylýan radikal çäreleri doly goldaýaryn. Meýilnama boýunça çilimkeşleriň saglygyny bejermek çäreseniň barlygy bolsa çilimkeşlere zyýanly endiklerinden saplanmaga şans berýär.

Ýöne bu gadagançylyk we gadagançylygyň netijesinde ýurtda temmäki barada peýda bolan ýagdaýdan närazydygyny aýdýanlar hem bar. Mysal üçin, Aşgabadyň 35 ýaşly ýaşaýjysy Geldimyrat öz närazylygynyň sebäbini şeýle düşündirdi:

—Meniň kakam günde iki gap çilim çekýär. Öň onuň bu endigi meniň üçin günde 6 manada düşýärdi. Ýöne çilim gytçylygy başlanansoň, men oňa indi bir gap çilimi öňki iki gap çilimiň bahasyndan satyn alyp berýärin. Onuň özi işlänok.

Ýurtda çilimkeşlige garşy görülýän bu radikal çäreler, göräýmäge, netijesini berýän ýaly. Emma şol bir wagtyň özünde-de temmäkiniň gytçylygy onuň bikanun söwdasynyň ösmegine sebäp bolýar. Çilimiň bahasynyň gymmatlamagynyň bolsa käbir çilimkeşleriň dürli ot-çöplerden temmäki hökmünde peýdalanyp başlamagyna sebäp bolýanlygy aýdylýar.

Aslynda halkyň saglygy göz öňünde tutulyp ädilýär diýilse-de, bu gadagançylyk ahyr netijede halkyň saglygyna näderejede peýda ýa zyýan berer diýen ýaly dürli soraglary döredýär. Ýöne bu soraga häzirlikçe resmi derejede o diýen üns berilmeýär.
XS
SM
MD
LG