Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Hatyra güni bellendi


1881-nji ýylda Gökdepe söweşinde gurban bolanlaryň hatyrasyna sadakalar berildi, olaryň ruhlaryna aýat okaldy.
1881-nji ýylda Gökdepe söweşinde gurban bolanlaryň hatyrasyna sadakalar berildi, olaryň ruhlaryna aýat okaldy.

Türkmenistanda Hatyra güni bellendi. 1881-nji ýylda Gökdepe söweşinde gurban bolanlaryň hatyrasyna sadakalar berildi, olaryň ruhlaryna aýat okaldy. 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda 11 sagat 20 minutda partlan bombanyň sarsgyny Gökdepe galasyny syndyrypdy. Şeýdip, bu ýerler Rus imperiýasynyň eline geçipdi.


Ir bilen Gökdepe galasynda dürli ýaşlardaky adamlar ýygnandylar. Olar Aşgabatdan, Gökdepäniň golaýyndaky obalardan gelen zyýaratçylardy. Howanyň sowukdygyna garamazdan, adamlar Gökdepe galasynda şehit bolanlaryň hatyrasyny tutup, olaryň ruhlaryna bagyş edip, aýat-töwir okamaga gelipdirler.

Çagalary bilen gelen zyýaratçylaram az däldi. Abadandan gelen 67 ýaşly Baýramdurdy aga 11 ýaşly agtygy bilen zyýarata gelipdir. Geldimyrat aga: “Indiki nesil hem öz ata-babalarynyň hatyrasyny tutmagy öwrenmeli. Ýogsa, bular özleriniň türkmendiginem ýatdan çykaryp barýarlar” diýdi.

Galanyň içine girilýän ýerde 100-den gowrak gazan atarylyp tüwi, ýarma bişirildi. Her kim gazanlaryň ýanyndaky uzyn bassyrmanyň aşagynda halyň üstünde ýazylan saçagyň başyna geçip oturýar. Zyýaratçylara hyzmat etmeli adamlar olara nahar äberýärler. Her gelen zyýaratçy aýat okap, töwir galdyryp, wepat bolanlaryň ruhuna degsin edýär.

Emma galanyň içine aýlanyp görmäge doly mümkinçilik ýok. Adamlar galanyň belli-belli ýerlerinden girip, belli-belli ýerlerine baryp bilýärler. Olaryň hereketleri graždan egin-eşikli ýörite gulluklar we polisiýa işgärleri tarapyndan düzgünleşdirilýär.

Suratlar: Gökdepe, 12-nji ýanwar, 2012-nji ýyl.

Galanyň içinde gurlan metjide we muzeýe hem baryp görmek gadagan. Şol tarapa ýönelýänlere munuň şeýledigini düşündirýän ýörite adamlar goýlupdyr.

Metjidiň, muzeýiň hem-de zyýaratçylaryň oturýan bassyrmasynyň aralarynda gök reňkli uzyn brezent bilen örtülen haýat dikilipdir. Haýatyň aňyrsynda Hatyra gününiň resmi çäreleri geçirilip, oňa Türkmenistanyň prezidenti we beýleki ýokary wezipeli döwlet ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Şeýle-de bu çärelere döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýurduň resmi taýdan ykrar edilen jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, okuw jaýlarynyň okuwçylary we studentleri hem gatnaşdylar. Olar Gökdepe galasyna daň bilen eltilipdirler. Prezident gelýänçe hem-de gaýdýança Aşgabatdan Gökdepe galasynyň edil alkymyna barýan Gurbonsoltan eje köçesi beklenildi.

Gökdepe galasynyň gaýra tarapynda hem zyýarata gelen adamlar az däldi. Galanyň bu tarapynda adamlar has erkindiler. Resmi çäreler esasan galanyň ilerki tarapynda geçirilensoň, galanyň gaýraky tarapynda adamlaryň hereketlerine gözegçilik pesräk. Şonuň üçin adamlar galanyň bu tarapyna zyýarat etmäge gelýärler. Olaryň arasynda sadaka berýänler hem bar.

Aşgabatlylar Hatyra gününde diňe bir Gökdepe galasyna däl, eýse Aşgabadyň öwülýälerine baryp, öz merhumlarynyň guburlaryna hem zyýarat etdiler.
XS
SM
MD
LG