Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin polisiýa repressiýasynyň soňuna çykyljakdygyny aýdýar


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin ýurduň prezidentlik wezipesiniň üçünji möhletine saýlaw kampaniýasyna başlamak bilen, ýurtda polisiýa repressiýasynyň soňuna çykyljakdygyna söz berdi.

Putin 2012-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek saýlawlar boýunça öz programmasynda "Biz köpçülikleýin howpsuzlyk sistemamyz barada täzeçe pikirlenmeli we aşa repressiw tendensiýalary bes etmeli" diýip belleýär.

Onuň programmasy özüniň putin2012.ru saýtynda ýerleşdirilipdir.

Orsýetiň howpsuzlyk güýçleriniň ulanýan ýowuz usullary ýurduň iň agyryly meselesi hasaplanýar. 2000-2008-nji ýyllar aralygynda Kremldäki ozalky iki möhletinde we häzirki premýer-ministr wezipesinde Putin güýç ulanyjy usullary goldaýanlykda giňden tankytlanyp gelindi.

Liberal “Ýabloko” partiýasynyň lideri Sergei Mitrokhin Putiniň bu wadalaryna şübheli garaýar, çünkü ol Putini howpsuzlyk güýçleriniň häkimiýet başyna getirendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG