Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýada Gitleriň kitabyndan bölekler çap edilip başlandy


Germaniýada Ikinji Jahan urşy tamamlanaly bäri ilkinji gezek Adolf Gitleriň “Maýn Kampf” ( “Meniň göreşim”) atly kitabyndan bölekler çap edilip başlandy.

1945-nji ýyldan bäri bu kitap Germaniýada gadagandyr. Täze kitaby çap ediji britaniýaly neşirçi Piter Makgi Gitleriň kitabyndan 12-15 sahypalyk tekstiň ady belli bir taryhçynyň kommentarisi bilen 26-njy ýanwarda satuwa çykaryljakdygyny aýtdy.

Gitler öz “Maýn Kampf” kitabyny 1924-nji ýylda türmede ýazýar. Ol Mýunhendäki gozgalaň şowsuz tamamlanansoň, syýasy jenaýatlar üçin türmä salnypdy. Kitapda nemes halkynyň artykmaçlygy, ýewreýleriň hem kommunmistik ideologiýanyň howpy barada gürrüň edilýär.
XS
SM
MD
LG