Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gark bolan italýan gämisinde ölenleriň sany 11 adama ýetdi


Geçen hepdäniň ahyrynda Italiýanyň kenar ýakasynda heläkçilige uçran “Costo Concordia” gämisinde ölenleriň sany 11 adama ýetdi.

Sişenbe güni halas ediş we gözleg işleriniň barşynda gämiden ýene bäş ýolagçynyň jesedi tapyldy. 24 adam dereksiz ýiten hasaplanýar.

Gäminiň kapitany tussag edildi. Gäminiň heläkçilige uçramagynda prokuratura kapitany günäleýär.

Bu heläkçiligi başdan geçiren köp ýolagçylar gäminiň eýesini suda bermekçi. Ýolagçylar çekilen maddy we moral ýitginiň öwezine her adama bärsinden 10 müň ýewro tölenmegini gazanmakçy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG