Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Ykdysadyýetiň ümzügi aşak


Anatoliý Hurşweld: “Häkimiýetler telekeçiligiň salgytlar arkaly ýurduň material esasyny düzýändigini unutdylar”.
Anatoliý Hurşweld: “Häkimiýetler telekeçiligiň salgytlar arkaly ýurduň material esasyny düzýändigini unutdylar”.

Ukraina dünýäde ykdysady azatlyk barada golaýda ýaýradylan hasabatda indi üçünji ýyl iň soňky orunlaryň birini eýeledi.


Bu gezegem ykdysady azatlyk baradaky hasabatda Ukraina Ýewropanyň 43 ýurdunyň arasynda ahyrky Özbegistan we Çad bilen bir hatarda goýuldyr. Bu Wiktor Ýanukowiç 2010-nji ýylyň başlarynda prezident bolaly bäri hökümetiň wada beren reformalarynyň durmuşa geçirilmändigini görkezýär.

Düýbi Amerikada ýerleşýän “Heritage foundation” atly ylmy-barlag merkeziniň we “The Wall Street Journal” gazetiniň geçen ýyl boýunça bilelikde ýaýradan “Ykdysady azatlygyň indeksi” atly by hasabatda Ukraina 172 ýurduň arasynda 163-nji orunda ýerleşdirilipdir.

Bäş ýyl bäri ümzük pese

Ukrainada şeýle pes ykdysady görkeziji bäş ýyl mundan öň başlanypdy. Dünýäde ykdysady azatlygyň derejesi boýunça 2008-nji ýyldaky hasabatda bu ýurt 133-nji orny eýeledi. Emma 2009-njy ýylda ol 152-nji orunda ýerleşdirildi.

2009-njy ýylda şol döwürdäki prezident Wiktor Ýuşenkonyň we premýer-ministr Ýuliýa Timioşenkonyň arasynda ýiti gapma-garşylyk döräpdi.

Ukraina 2010-njy ýyldaky hasabatda 162-nji orny, Ýanukowiçiň prezidentliginiň ilkinji ýyly bolan 2011-nji ýylda bolsa ol 164-nji orny we ahyrky hasabatda-da 163 orny eýeledi.

Geçen ýyl boýunça taýýarlanan “Ykdysady azatlygyň indeksi” atly hasabata görä, Ukrainanyň esasy problemasy onuň ykdysadyýetiniň maliýeleşdirilişiniň örän gowşaklygynda. Agzalan hasabatda bu dogruda şeýle diýilýär: “Emläk hukuklarynyň örän ýaramaz goralmagy we hususy eýeçilikde korrupsiýanyň kök urmagy uzak möhletli ykdysady ösüşe uly zeper ýetirýär”.

Prezident Wiktor Ýanukowiçiň administrasiýasynyň ykdysady reformalary durmuşa geçirmegiň iň esasy wezipedigi baradaky beýanatlaryna garamazdan, Ukrainanada soňky döwürde şeýle ýaramaz netijeler emele geldi.

Şu ýylyň 11-nji ýanwarynda prezident Ýanukowiç ykdysady reforma boýunça komitetiň maslahatynda bu pudakda ösüşiň ýoklugyna öz nägiledigini bildirdi.

“Biziň geçen ýyldaky ilkinji maslahatymyz meniň ýadymda. Biziň köp planymyz bardy. Biziň ýakyn ýylda nähili işlejekdigimiz barada köp zada garaşýarlar. Emma biz geçen ýyl nähili netijeleri gazandyk? Men şu jaýdakylaryň hiç biri netijelerden razydyr öýtmeýärin. Ýogsa-da, kimdir-biri razymy?” diýip, prezident Ýanukowiç şol maslahatda janygypdy.

Problemanyň sebäpleri nämede?

Adynyň tutulmagyny islemedik kiýewli bir egin-eşik dükanynyň eýesi ykdysady kynçylyklaryň sebäbini häzirki bar bolan kanunçylykda görýändigini aýtdy: “Biziň problemamyz biziň peýdasyz kanunçylygymyzda. Ol diňe kynçylyklary döredýär. Mysal üçin, men kärhanalar üçin ýeňilleşdirilen salgydy töleýärin. Men öň diňe bir ýere salgyt töleýärdim. Häzir bolsa men birnäçe ýere salgyt töleýärin”.

Harkow oblastynyň işçiler guramasynyň başlygy Anatoliý Hurşweld bolsa problemanyň gümrükçilerdedigine ynanýar. Ol: “Ýurtda harytlary gümrükden geçirmekde problemalar bar. Şonuň üçin-de ýurda gelmek isleýän inwestorlar şeýle faktorlara üns berýärler. Netijede ýakymsyz ýagdaýlar emele gelýär. Häzirki häkimiýetler Ukrainanyň bäsleşikden gazanjak peýdasyna üns bermeýärler. Olar diňe gyssagly meseleleri çözmegiň aladasyny edýärler. Olar telekeçiligiň salgytlar arkaly ýurduň material esasyny düzýändigini unutdylar” diýip, öz pikirini mälim etdi.

Anatoliý Hurşfeldiň aýdýanlaryny “Heritage foundation” merkeziniň we “The Wall Street Journal” gazetiniň täze hasabaty hem tassyklaýar. Onda şeýle diýilýär: “Golaýda Ukrainada býujet defisitiniň ösmegi jemgyýetçilik pudagynyň maliýeleşdirilişini çäklendirdi. Bu bolsa jemgyýetçilik pudagy üçin sarp edilýän pullaryň durnukly derejelerini täzeden dikeltmek ugrunda hökümetiň edýän tagallalarynyň öňünde böwetleri döredýär”.
XS
SM
MD
LG