“Zenan dünýäsi” gepleşiginiň bu gezekki sanynda Türkmenistanda we Gyrgyzystanda zenanlaryň jemgyýetde ýüzbe-ýüz bolýan zulum-sütem problemalary bilen baglanyşykly gürrüň edilýär.
Türkmenlerde “Maşgala parahat bolsa - ýurt parahat” diýen söz bar. Synçylar maşgalada duş gelýän zulum-sütem problemalaryny, köplenç, zenanlaryň öz hukuklary bilen bagly düşünjeleriniň pesdigi bilen-de baglanyşdyrýarlar.
Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan hem zenanlara garşy edilýän zorluklaryň köp duş gelýän ýurtlary hökmünde bellenilýär. Bu ýurtlarda aýal-gyzlaryň goragy üçin ýörite kanunlaryň ýokdugyna hem olar ünsi çekýärler.
Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işsizlik we neşekeşlik problemasynyň ýüze çykmagy bilen, zenanlara garşy zorluklaryň-da artyp başlandygy bellenilýär. Bu problemalar hem öz gezeginde köp maşgalalaryň dargamagyna getirýär. Zenanlar maşgala eklenjini öz boýunlaryna almakdan başga-da, adamsy neşekeş bolan ýagdaýynda , urlup-ýenjilmelere-de duçar bolýarlar.
Zenanlaryň urlup-ýenjilmek problemasy goňşy Gyrgyzystanda-da ýygy-ýygydan duş gelýän hadysalardan biri. Maglumatlara görä, Gyrgyzystanda her ikinji aýal adamsy tarapyndan urlup-ýenjilýär.