Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Salman Ruşdi Hindistana barmajakdygyny aýdýar


Anna güni britan ýazyjysy Salman Ruşdi ençeme berk dini garaýyşly yslam ruhanylarynyň protestinden soň, Hindistanda geçiriljek kitap festiwalyna gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Ruşdiniň Jaýpur kitap festiwalyna gatnaşjakdygy baradaky habar käbir musulmanlaryň arasynda gahar-gazap döretdi. Olar Ruşdiniň 1988-nji ýylda çap bolan “Şeýtan aýatlary” kitabynyň dine şek ýetirýändigini aýdýarlar.

Geçen hepde aşa dini garaýşly musulman ruhanylarynyň topary Salman Ruşdini bäş gün dowam etjek festiwala gatnaşdyrmazlyga çagyrypdylar.

65 ýaşly Salman Ruşdi ozalky kitap festiwallaryna hiç hili bökdençsiz gatnaşyp gelýärdi.

Eranyň ozalky baş ruhany lideri Ayatolla Ruhalla Homeýni “Şeýtan aýatlary” kitaby üçin Salman Ruşdä garşy dini fatwa yglan edipdi. Şondan soň Ruşdi gizlenip ýaşamaga mejbur bolupdy.
XS
SM
MD
LG