Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly futbolçylar Orsýetiň komandasy bilen deňme-deň oýnady


Türkmenistanyň ýaşlar komandasy Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde “Arkalaşygyň kubogy” ady bilen ýaşlaryň arasynda geçirilýän halkara futbol ýaryşynda şenbe güni Orsýetiň komandasy bilen bäsleşdi.

Çekeleşikli geçen duşuşyk 0:0 hasap bilen deňme-deň tamamlandy. Türkmenistanly futbolçylaryň treneri habarçylara beren interwýusynda öz oýunçylarynyň, esasan, goranyş taktikasynda oýnandyklaryny aýtdy.

Mundan öň, anna güni Türkmenistanyň komandasy Gazagystanyň komandasyndan 1:3 hasap bilen utulypdy.

Türkmenistanyň komandasy ýaryşyň “A” toparynda üçünji orny eýeledi. Bu toparyň düzüminde Orsýetiň, Gazagystanyň we Estonýanyň komandalary-da boldy. Toparda Orsýetiň komandasy 7 oçko, Gazagystanyň komandasy bolsa 6 oçko toplap, göni çärýek finala çykdylar.

Ýaryşyň düzgünine görä, toparlarda üçünji orny eýelän komandalaryň arasynda iň ýaramaz netije görkezen bir komandadan beýlekileri hem çärýek finalda ýaryşy dowam etdirmäge mümkinçilik alarlar. Türkmenistanyň komandasynyň çärýek finala çykyp-çykmandygy duşenbe güni belli bolar.
XS
SM
MD
LG