Orsýetde prezidentlige dalaş etjek premýer-ministr Wladimir Putin immigrasiýa düzgünini berkitmäge çagyryş edýär.
Bu barada ol özüniň saýlaw kampaniýasy boýunça resmi web saýtynda ýerleşdiren makalasynda ýazýar. Bu makalada Putin prezidentlige saýlanan ýagdaýynda bikanun immigrasiýanyň soňuna çykjakdygyna söz berýär. Şol bir wagtyň özünde, ol ýurtda milletçiligiň öňe sürülmegi ýaly ýagdaýlary hem tankytlaýar we milletçi partiýalary gadagan etjekdigini aýdýar.
Putin Orsýetde işlemek isleýän migrantlaryň rus dili, taryhy we edebiýaty boýuhnça bilimini synag etmek düzgüniniň indiki ýyldan giriziljekdigini nygtaýar.
Bu Putiniň saýlaw kampaniýasyndaky programmasy boýunça soňky günlerde çap eden ikinji makalasydyr.