Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde adatdan daşary ýagdaý düzgüni ýatyrylar


25-nji ýanwarda Müsürde 30 ýyldan gowrak wagt mundan ozal girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň ýatyrylmagyna garaşylýar. Bu barada 24-nji ýanwarda milli telewideniýede eden çykyşynda ýurduň harby geňeşiniň ýolbaşçysy marşal Huseýin Tantawi aýtdy.

Huseýin Tantawi adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň diňe garakçylara garşy göreşe degişli düzgünleriniň ýatyrylmajakdygyny mälim etdi.

Bileşen Ştatlar geçen ýyl Müsürdäki demonstrasiýalarda protestçileriň esasy talaplarynyň biri bolan ýurtdaky adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň ýatyryljakdygy baradaky habary hoşallyk bilen garşy aldy.

Ýöne ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland özleriniň adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň doly ýatyrylmaýandygyna düşündiriş gözleýandiklerini mälim etdi.

1981-nji ýylda Müsüriň şol wagtky prezidenti Anwar Sadatyň janyna kast edilensoň, ýurtda adatdan daşary ýagdaý düzgüni yglan edilipdi we ol düzgünler şu günki güne çenli saklanyp geldi.
XS
SM
MD
LG