Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý ÝB-niň Eýrana garşy girizen täze nebit embargosyny tankytlady


Penşenbe güni Hytaýyň Daşary işler ministrligi Ýewropa Bileleşiginiň Eýrana garşy girizen täze nebit embargosyny tankytlady. Pekin girizilen sanksiýalary “konstruktiw däl” diýip atlandardy.

Mundan öň, Orsýet hem Tährana garşy girizilen sanksiýalary tankytlap çykyş edipdi. Moskwa munuň üsti bilen Eýranyň ýadro programmasy boýunça bar bolan düşünişmezlikleri çözüp bolmajakdygyny öňe sürdi.

Duşenbe güni Ýewropa Bileleşigi Eýranyň nebitine embargo girizmegi ylalaşypdy. Günbatar Eýrany ýadro ýaragany öndürmek boýunça iş alyp barýanlykda aýyplaýar. Tähran bulary ret edýär.

Bu wakanyň yzy bilen Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalaryny “netijesiz” diýip atlandyrdy. Şeýle-de, ol Tähranyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklere başlamaga taýýardygyny hem nygtap geçdi.
XS
SM
MD
LG