Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Arap Ligasynyň kararyna nägilelik bildirdi


Ýekşenbe güni Orsýetiň hökümeti Arap Ligasynyň Siriýadaky öz synçylar toparynyň işini togtatmak barada gelen kararyna nägilelik bildirip, muny tankyt etdi.

Şenbe güni Arap Ligasy Siriýada nobatdaky gezek parahat protestçilere garşy ýarag ulanylmagyna jogap edip, özüniň bu ýurtdaky synçylaryny haýdan-haý yzyna çagyrmak barada karar kabul etdi. Edil häzirki wagt Siriýada Arap Ligasynyň 100 töweregi synçysy bar.

Şu geçen anna güni arap ýurtlarynyň birnäçesi Siriýanyň režimine basyş görkezilmegini we prezident Başar al-Assadyň wezipeden gitmegini talap edýän rezolýusiýanyň taslamasyny taýýarlap, ony BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň garamagyna hödürlediler. Ýöne bu rezolýusiýanyň taslamasyna Orsýet garşy çykdy.

Bu wakanyň yzy bilen, Siriýanyň oppozision Milli Geňeşi dünýäniň dürli ýurtlaryndaky Orsýetiň diplomatik wekilhanalarynyň öňünde protest demonstrasiýalarynyň geçirilmegine çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG