Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň etnik kartasynda türkmenler nähili orun eýeleýärler?


Orsýet köpmilletli döwlet. Şu günki gün Orsýetde 160-dan gowrak milletiň wekilleri ýaşaýar. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy Orsýetde ýaşaýan halklar barada ýörite gepleşikler toplumyny geçirýär. Gepleşikleriň biri türkmenlere bagyşlandy. Žurnalist Igor Ýakowenkonyň geçiren bu gepleşigine Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň işgäri professor Sergeý Arutýunow we Moskwadaky “Rus-Türkmen” öýüniň başlygy Wladislaw Nemçinow gatnaşdy.

Azatlyk Radiosy: Wladislaw Wýaçeslawowiç başda Orsýetiň asly oturymly ilaty bolan türkmenler subetnosy, ýagny 17-nji asyrda Orsýetiň Stawropol regionyna we beýleki günorta böleklerine göçüp gaýdan türkmenler barada gürrüň edeliň. Olar üç asyra golaý wagt bäri türkmenleriň esasy böleginden daşda ýaşaýarlar, dili hem belli bir derejede tapawutlanýar. Olar türkmen halky bilen näderejede medeni gatnaşyk saklaýarlar, näderejede özlerini türkmen hasaplaýarlar?

Wladislaw Nemçinow: Soňky maglumatlara görä, häzirki wagtda türkmenleriň çak bilen 2 ýarym müňi Astrahanda we ýene 15 müň çemesi Stawropol regionynda ýaşaýar. Stawropolda türkmen etraby hem bar. “Rus-türkmen” öýi Moskwadaky gurama bolsa-da, biz şol regionlara-da baryp görýäris. Türkmenler bilen duşuşýarys. Olaryň öz milli däp-dessurlaryny, medeniýetini saklap gelýänligini aýdyp bolar. Bellemeli zat, ozalky döwürlerde şol regionlarda türkmen dilinde käbir habar serişdeleri bolupdy, häzir bu ýok. Emma muňa zerurlyk bar, aýratynam munuň geljekki nesiller üçin uly ähmiýeti bar. Köpden bäri türkmen dilinde bilim hem berilmeýär öýdýärin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenler bir ýerde köpçülik bolup ýaşaýarka olaryň bähbitlerine näme üçin üns berilmeýär?

Wladislaw Nemçinow: Bu ilkinji nobatda häkimiýetlere berilmeli sowal. Emma, meniň pikirimçe, bu türkmenleriň özlerinde güýçli bir hyjuwyň ýoklugy bilen hem bagly bolup biler. Häzirki wagtda Orsýetde etnik türkmenleriň barha köpelýänligini bellemek gerek. Biz muňa ýygy-ýygydan duş gelýäris. Men her hepdede diýen ýaly Orsýete syýasy ýagdaý sebäpli gelýän türkmenler bilen duşuşýaryn. Örän köp türkmen Orsýete göçüp gelýär we bu ýerde kök urýar. Emma olar köplenç türkmenleriň ýaşaýan Stawropol ýa Astrahan regionlarynda däl-de, Moskwa, Leningrad ýaly iri şäherlerde, Sibir we Uzak Gündogar ýaly regionlarda ýerleşýärler.

Azatlyk Radiosy: Sergeý Arutýunow indi size sowal . Soňky ilat ýazuwyna görä, Orsýetde ýaşaýan türkmenleriň 81% öz dilini bilýär. Türkmenler ors jemgyýetine näderejede tiz aralaşýar? Olaryň öz ene dilini saklamagyna degişli bar bolan 81% diýen san köpmi ýa az?

Sergeý Arutýunow: Bu sowala jogap bermek kyn. Meniň tanaýanlarym esasan bilimli adamlar, intellektual professiýalaryň wekilleri. Olar türkmen dilini berk saklaýarlar. Munuň bilen birlikde olaryň, aýdaly, adamlaryň birek-birek bilen gatnaşyklaryna, şahsy durmuşa, maşgala gatnaşyklaryna bolan garaýyşlary Orsýetdäki beýleki milletleriň intelligensiýa gatlaklaryndan tapawutlanmaýar. Ýöne pes bilimli adamlaryň ýa pes kwalifikasiýaly we agyr işlerde zähmet çekýän adamlar barada men bir zat diýip biljek däl.

Azatlyk Radiosy: Wladislaw Wýaçeslawowiç size sowal. Orsýetdäki türkmenler köplenç nähili işlerde işleýärler?

Wladislaw Nemçinow: Umuman, türkmenleriň ähli ugurlarda işleýänligini görmek bolýar. Olar pedagogika, medisina ugurlarda köp işleýärler. Hususan-da, Moskwadaky ýagdaý şeýle. Agyr işlerde işleýän türkmenleri tapmak bolsa aňsat däl.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagtda Orsýetde näçe türkmen bar?

Wladislaw Nemçinow: Etnik türkmenler barada aýdylanda, şu günki gün Orsýetde azyndan 50-70 müň adam bar, diýip hasap edýärin.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, hakyky san resmi ilat ýazuwynda görkezilen sanlardan iki esse köp bolup çykýar, şeýlemi?

Wladislaw Nemçinow: Iki, belki-de üç esse köp bolup biler. Biz Orsýetiň Federasiýa subýektlerinde köp duşuşyklar geçirýäris. Orsýetde “Türkmenleriň Kongresi” atly etnik guramamyz döredileli bäri Kamçatkadan Kaliningrad aralygynda ýurduň ähli ýerlerinde iş alnyp barylýar. Türkmenler hemme ýerde bar. Olar uly bolmadyk guramalara jemlenýärler. Öz arasynda gatnaşyk saklaýarlar. Krasnoýarsk regiony ýa Ýakutiýa ýaly uly regionlarda ýaşaýanlaram, ýurduň günorta ýa demirgazyk böleklerinde ýaşaýanlaram özara gatnaşyk saklaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Sergeý Arutýunowa sowal. Türkmenistan bilen Orsýet arasynda goşa raýatlyk ylalaşygynyň ýatyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar türkmenleriň Orsýetdäki ýagdaýyna nähili täsir ýetirip biler?

Sergeý Arutýunow: Bu medeni proseslere uly bir täsir ýetirmez. Emma adamlaryň durmuşyny, olaryň watanyna baryp-gelmegini kynlaşdyrar. Bu ýerde bellemeli ýene bir zat, Orsýete gelen türkmenleriň we bu ýerde ýaşaýan türkmenleriň arasynda alymlar hem köp. Olar ylmy işleri üçin has erkin şertleriň gözleginde, öz pikirlerini, ylmy garaýyşlaryny mälim etmek we ylmy işlerini çap etmek üçin mümkinçilikleriň gözleginde Orsýete gelmäge mejbur bolýarlar. Şeýlelikde Orsýetiň raýatlary bolan we entek bolmadyk türkmenler orsýetiň ylmy jemgyýetçiliginiň bir bölegini emele getirýärler.
XS
SM
MD
LG