Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek studentleriniň täze ‘ahlak kodeksi’


Studentler üçin düzülen bu ahlak kodeksiniň, dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň biri bolan Özbegistanyň ýaşlarynyň azatlyklaryny çäklendirmäge gönükdirilendigi mese-mälim.
Studentler üçin düzülen bu ahlak kodeksiniň, dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň biri bolan Özbegistanyň ýaşlarynyň azatlyklaryny çäklendirmäge gönükdirilendigi mese-mälim.
Şu ýylyň başyndan bäri Özbegistanyň Bilim ministrligi ýokary okuw jaýlary üçin täze etiki düzgünleri girizdi. Studentler üçin düzülen bu kodeksde ýaşlaryň internetden nädip peýdalanmalydygyndan başlap, tä studentleriň nädip salamlaşmalydygyna çenli jikme-jik görkezme berilýär.

Özbegistanyň Bilim ministrligi ýokary okuw jaýlar üçin düzülen bu etiki normalaryň hem studentler hem mugallymlar tarapyndan ýerine ýetirilmegini talap edýär.

Geçen ýylyň dekabr aýynda özbek liseýleriniň, kollejleriniň hem uniwersitetleriniň hemme studentlerine bu dokumente gol çekdirdiler. Ýaşlara, ondaky düzgünler bozulsa, ekzamen tabşyrmakda kynçylyklaryň ýüze çykjakdygy, hatda okuw jaýyndan kowulmak howpunyň hem bardygy duýduryldy.

Özbek resmileri bu düzgünleriň özbek studentleriniň azmagynyň öňüni almak üçin, ýaşlary alkogola hem neşe maddalaryna tabyn bolmakdan saklamak üçin kabul edilendigini aýdýarlar. Şeýle-de, bu dokumentde bellenilşine görä, agzalan ahlak kodeksi ýaşlary dini ekstremizmden hem gorap saklamagy göz öňünde tutýar.

Özbek ýaşlary üçin düzülen täze tertip-düzgünleriň 3,8-nji maddasynda studentleriň elmydama ýoluň sag tarapyndan ýöremelidikleri aýdylýar. Onsoňam kimiň kim bilen nädip salamlaşmalydygy barada hem görkezme berilýär. Ýagny, student birinji bolup mugallym bilen salamlaşmaly; erkek kişi aýal bilen salamlaşmaly; ýaşy kiçi studentler özlerinden uly studentlere salam bermeli. Elleşip salamlaşmak barada bu ahlak kodeksinde görkezme berilmändir.

Studentler üçin düzülen bu ahlak kodeksiniň, dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň biri bolan Özbegistanyň ýaşlarynyň azatlyklaryny çäklendirmäge gönükdirilendigi mese-mälim. Onda dini egiň-eşigi geýmekligiň gadagan edilmeginden başga-da, ýaşlaryň internetden peýdalanmagy hem çäklendirilýär. Mysal üçin, studentlere milli gymmatlyklara laýyk gelmeýän ýa-da ýokary okuw jaýlarynyň problemalary bilen bagly maglumatlary internete çykarmak gadagan edilýär.

Şeýle-de bu kodeksdäki bellikde okuw prosesine degişli bolmadyk maglumatlary çap etmekligiň, olary kompýuterde saklamaklygyň ýa-da ýaýratmaklygyň düýpden gadagandygy nygtalýar.

Ýokary okuw jaýlarynyň problemalaryna degişli maglumatlar bilen bagly girizilýän gadagançylyk geçen ýyl “YouTube” saýtynda mugallymlaryň özbek studentlerini hem studentleriň mugallymlary urýandyklary baradaky peýda bolan wideoýazgylaryna jogap bolmagy mümkin diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Diňe maglumatyň akymy çäklendirilmeýär

Ýöne ýaşlar üçin ýazylan täze düzgünler diňe maglumatyň erkin akymyny çäklendirmeýär. Bu tertip-düzgünler ýaşlaryň şahsy durmuşyndaky gündelik endiklerine hem gözegçiligi göz öňünde tutýar. Mysal üçin, aýak ýoluna sapak wagty gitmek gadagan edilýar, nahar iýilende köp gürrüň edilmeli däldigi aýdylýar. Studentlere okuwdan soň ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde köpçülikleýin gezelenç etmek-de gadagan edilýär.

Bu düzgünleriň aýdanyňa ýok diýip bilmeýän ýaşlary ýetişdirmek maksady bilen düzülendigi ikuçsyz. Ýöne, olaryň nähili ýollar bilen ýaşlary neşebentlikden hem arakhorlukdan saklap biljegine welin, kän bir düşünip bolanok.

Şu ýylyň başyndan bäri güýje giren bu kodeksiň kabul edilmegi prezident Karimowyň ýurtdaky sowatly ýaşlary gorky astynda saklamak isleýändigine şaýatlyk edýär. Hut şeýle sowatly ýaşlaryň demografik topary geçen ýyl arap ýurtlarynda syýasy özgermeleriň başlanmagyna itergi berdi.

Şu hepdede özbek ýaşlarynyň demonstarsiýasynyň rehimzislik bilen basylyp ýatyrylmagyna ylaýyk 20 ýyl bolýar. 1992-nji ýylyň ýanwar aýynda çöregiň gymmatlamagyna näräzylyk bildiren müňleçe studentler Daşkendiň köçelerine çykypdylar. Olar saýlawlary galplaşdyrmakda aýyplap, Karimowyň wezipesinden gitmegini talap edipdiler. Şol döwürde Yslam Karimow ýaňy garaşsyz bolan Özbegistanyň täze prezidentidi.

Halkyň garşylygyndan gorkan Karimow çalasynlyk bilen studentlere garşy ýaraglanan güýçleri sürdi. Şonda ýüzlerçe student tussag edildi. Proteste çykan ýaşlaryň ikisi heläk boldy.

Ýaşlaryň gahar-gazabyna şaýat bolan Karimow olaryň öz ýanyndan, ýagny Daşkentden daşrakda bolmagynyň aladasyny edip başlady. Şol wakadan soň student şäherçeleri paýtagtda däl-de, Özbegistanyň welaýatlarynda gurlup başlady. Ýöne şondan soň Özbegistanda studentleriň göze ilerlikli protesti gaýtalanmady.
XS
SM
MD
LG