Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Rubin”: G. Berdiýewiň wezipeden gitmek barada arza berendigi aýdylýar


Orsýetiň metbugatynda peýda bolan maglumatlarda Tatarystanyň “Rubin” futbol komandasynyň baş tälimçisi Gurban Berdiýewiň wezipeden gitmek barada arza berendigi aýdylýar. 31-nji ýanwarda bu mesele bilen bagly ýörite maslahatyň geçiriljekdigi habar berilýär.

Asly türkmenistanly Gurban Berdiýewiň öz wezipesinden gitmegine “Rubin” futbol komandasynyň prezidenti Dmitriý Samarenkin bilen özara oňşuksyzlyk sebäp boldy diýlip, maglumatda aýdylýar.

“Rubin” komandasynyň metbugat gullugy häzirlikçe bu mesele bilen bagly kommentariý bermedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG