Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tailand bilen Hytaý Twitteriň senzura syýasatyny öwýär


Arap dünýäsindäki aktiwistler öz protestleri barada aýtjak zatlaryny ile ýetirmek, käbir halatlarda hem üýşmeleňlerini koordinirlemek üçin Twitter we beýleki sosial mediadan peýdalanypdylar.
Arap dünýäsindäki aktiwistler öz protestleri barada aýtjak zatlaryny ile ýetirmek, käbir halatlarda hem üýşmeleňlerini koordinirlemek üçin Twitter we beýleki sosial mediadan peýdalanypdylar.

Tailand bilen Hytaý Twitteriň jedelli täze senzura syýasatyny oňat garşyladylar.


Tailandyň tehnologiýa ministri Anudit Nakorntap duşenbe güni Twitteriň täze syýasatyny “konstruktiw” ösüş diýip, ony “sosial mediany ulanmak bilen esasy hukuklaryň bozulmazlygyny kepillendirmek üçin hökümetler bilen hyzmatdaşlyk edýänlikde” öwdi.

Tailand berk senzura kanunlaryny güýje girizip, taý patyşalygyna dil ýetirdi diýip pikir edilýän websaýtlary böwetleýär.

Hytaýda hem döwlet tarapyndan dolandyrylýan “Global Times” gazeti duşenbe güni özüniň bir baş makalasynda täze düzgünleri gutlady. Ol makalada: “Hatda internetde hem, erkinligi özleriniň esasy satyş argumenti edinen ýurtlarda hem çäksiz erkinlik mümkin däl” diýilýär.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz Reportýorlar” topary internete güýçli senzura girizýänligi üçin Hytaýy internetiň ganym duşmany diýip atlandyrýar.

Öten hepde Twitter milli kanunlary bozmagy ahmal diýlip hasaplanýan mazmunly zatlar barada, haýsy ýurt hakda hem bolsa, şol ýurda mahsus senzuralara ýol berjekdigini aýtdy. Düýbi San-Fransiskoda ýerleşýän bu kompaniýanyň bildirmegine görä, ol söz erkinligine başgaça garaýan bazarlara girýänligi üçin syýasatyny üýtgetmeli bolupdyr. Täze syýasat boýunça hökümetler özleriniň bikanun hasaplaýan çelgileriniň öňüniň bökdelmegini sorasalar, Twitter bu haýyşy ýerine ýetirýär.

Belli ýurtlarda Google, eBaý we Facebook hem şular ýaly sistemalary ulanýarlar. Ýöne Twitteriň bu plany demokratiýanyň aktiwistlerini gaharlandyrdy. Olar bu täze syýasat Twitteriň awtoritar, repressiw ýurtlarda erkin pikir platformasy hökmünde oýnaýan roluna zyýan ýetirer diýip gorky edýärler.

Arap dünýäsindäki aktiwistler öz protestleri barada aýtjak zatlaryny ile ýetirmek, käbir halatlarda hem üýşmeleňlerini koordinirlemek üçin Twitter we beýleki sosial mediadan peýdalanypdylar.

“Serhetsiz Reporýorlar” Twitteriň bu kararyna “Internet giňişligindäki söz azatlygy hakda gürrüň gidýänligi üçin, bu bir gowy habar däl" diýdi.

Kolumbiýa Hukuk mekdebiniň professory Tim Wuyň “Nýu-Ýork Taýms" gazetine aýtmagyna görä, bu özgerişleriň Twitteriň syýasy gural hökmünde halka berýän peýdasyna zyýan ýetirmegi mümkin.

Amerikada ýaşaýan alym, söz azatlygynyň tarapdary Zeýnep Tüfekçi bolsa "Twitteriň plany aşa gowy syýasat. Ol söz azatlygynyň tarapyny çalýanlara peýdaly bolar" diýen pikirde. Tüfekçiniň aýtmagyna görä, Twitteri ulanýanlar öz hasaplaryndaky ýurduň adyny çalşyrmak bilen, aýtjak zatlaryny aýdyp bilýärler.

Tanymal ors blokçysy Ilýa Warlamow bolsa: “Twitter senzuradan geçirerden tiz” diýýär.
XS
SM
MD
LG