Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama bilen Saakaşwili Ak Tamda özara gepleşik geçirdi


Duşenbe güni giçlik Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili Ak Tamda özara gepleşik geçirdiler.

Bu duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda Birleşen Ştatlar bilen Gürjüstanyň arasynda erkin söwda gatnaşygyny ýola goýmak meselesi hem boldy.

Prezident Obama şular ýaly erkin söwda gatnaşygynyň iki ýurduň-da bähbidine boljakdygyny belledi. Mundan daşary, ol NATO-nyň agzasy bolmak ugrunda Gürjüstanyň edýän tagallalaryny-da goldaýandygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG