Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň dürli şäherlerinde bulagaýçylyklar dowam edýär


Müsüriň Port Saýd şäherindäki stadionda azyndan 74 adamyň ölümine getiren wakadan soň indi üç gün bäri ýurduň dürli şäherlerinde bulagaýçylyklar dowam edýär.

Şenbe güni paýtagt Kairde Içeri işler ministrliginiň we käbir beýleki döwlet edaralarynyň töwereginde elleri daşly hüjüm eden protestçileri dargytmak üçin polisiýa göz ýaşardyjy gazlary we dubinkalary ulanmaly boldy.

Müsüriň Suez we Aleksandriýa şäherlerinde-de şenbe güni protestçiler bilen polisiýanyň arasynda gazaply çaknyşyklaryň bolandygy habar berildi. Çaknyşyklarda birnäçe adamyň ölendigi barada-da maglumatlar bar.
XS
SM
MD
LG