Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň şäherlerinde bulagaýçylyklar dowam edýär


Müsüriň Port Said şäherindäki stadinonda 74 adamyň ölümine getiren ganly wakadan soň, ýurduň dürli şäherlerinde bu waka protest bildirýän raýatlaryň bulagaýçylyklary indi dördülenji gün dowam edýär.

Ýekşenbe güni paýtagt Kairde elleri daşly we ýangyç guýlan çüýşeli protestçileriň Içeri işler ministrliginiň binalaryna hüjüm etmekleriniň önüni almak üçin, polisiýa güýçleri birnäçe ýoluň ugruny demir germewler bilen beklediler.

Protestçiler geçen hepdäniň çarşenbe güni Port Said şäherindäki stadionda 74 adamyň ölümine getiren wakada polisiýa güýçleriniň öz borçlaryny ýerine ýetirmändiklerini aýdyp, muňa gahar-gazap bildirýärler.
XS
SM
MD
LG