Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ÝHHG-niň ekspertleri bilen duşuşyk geçirildi


Şenbe güni Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynda ÝHHG-niň demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça Býurosyndan baran ekspertler bilen duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşykda ÝHHG-niň wekilleri Türkmenistanyň saýlawlar baradaky kanunlarynyň düzgünleri hem-de häzirki wagt prezidentlik saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar bilen tanyşdyryldy.

Mundan daşary, ýakyn günlerde ÝHHG-niň ekspertleriniň Türkmenistanyň Mejlisinde, prezidentiň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary baradaky institutda, telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetinde we käbir beýleki jemgyýetçilik edaralarynda duşuşyk geçirjekdikleri habar berilýär.

Ýakynda ÝHHG-niň bu edarasy Türkmenistanda 12-nji fewralda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna öz gözegçilerini ýollamajakdygyny mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG